Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasyna garady.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow watandaşlarymyzyň gahrymançylykly edermenligini hormatlamak maksady bilen geçiriljek giň gerimli medeni-jemgyýetçilik çärelerine taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde taryhy ýadygärligi saklamaga hem-de parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmäge gönükdirilen çäreler meýilleşdirilýär.
Baýramçylyk maksatnamasy döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryna hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlary, uruş ýyllarynyň gahrymançylykly sahypalaryny açyp görkezýän duşuşyklary we söhbetdeşlikleri, aýdym-sazly dabaralary, sungat sergilerini, paýtagtymyzda ýerleşýän Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky ýadygärliklerine gül goýmak dabaralaryny öz içine alar.
Mejlisiň dowamynda ýaşuly nesliň sosial goldawyna aýratyn üns berildi.Hasabaty jemläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde deňi-taýy bolmadyk mertligi görkezen uruş we zähmet weteranlary baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.
Hasabatyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere uruş weteranlaryna we tylda zähmet çeken enelere baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabaralaryny guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.Döwlet Baştutanymyz bu işleriň iň ýokary derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.
