Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow bu resminamanyň taslamasynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara tejribeleriň esasynda bilimiň hiline baha bermegiň döwrebap nusgalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem wise-premýer 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabata görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler.

Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýere Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça ilkinji gezek geçiriljek halkara olimpiadany ýokary derejede guramagy, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Bilimli ýaşlar Watanyň geljegi
Elektroulag önümçiligini artdyrar
Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Bitaraplyk bagtyýarlygyň gözbaşy atly sergi gurnaldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi