Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň býujet edaralarynyň işgärini sentýabryň başyndan bäri mejbury ýagdaýda pagta ýygmaga iberýärler. Edaranyň işgärleriniň sanyna baglylykda, adamlary toparlara bölýärler we gezekleşdirip bir hepdelik pagta meýdanyna ýollaýarlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.
Pagta gitmeli adamlar ýerine başga adamy hakyna hem tutup bilýär. Bu hili işe işsizler döwtalap bolýar, olar meýdanda bolan her günlerine 10 manat alaýrlar. Bu ýerine adam tutan adamyň öýünde dynç alyp bilýändigini aňlatmaýar, ol işine gitmeli.
Häzir meýdanlarda pagta galmady diýen ýaly. Şu sebäpden, pagta ýygyp, biraz goşmaça pul edinerin öýden adamlar lapykeç bolýar. Günüň doamynda 3-den 10 kilograma çenli pagta ýygyp bolýar, kärendeçiler her kilogram pagta üçin 20 teňňeden pul berýärler.
— Pagta düýpden ýok diýen ýaly, biziň gazanjymyz gaty ujypsyz.Günüň dowamynda biz iýip-içmeli hem bolýarys, şu sebäpden bar gazananjamyz iýjegimize gidýär.Munuň üstesine transport meselesi hem ýüze çykýar.
Düýn bizi Ýolötenden 45 km uzakda ýerleşýän “Dostluk” daýhan birleşigine getirdiler we yzyňyza özüňiz gaýtmaly bolarsyňyz diýdiler.Agşam 7 kilometre golaý ýoly, awtomobil ýoluna çenli pyýada ýöremeli bolduk. Şol ýerden ötegçi maşynlary tutup, öz hasabymyza öýe aşdyk diýip, hakyna tutulan pagtaçylar gürrüň berdiler.
Emma, adamlaryň zähmet öndürijiligi we ýygnalan hasylyň möçberi hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Ýerli häkimiýetleriň wekilleri üçin diňe bir zat häkimiýetleriň ýokardan beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek we “pagta ýygymy boýunça ähli çäräni görmek” möhüm.
Hakyna tutulan işçilerden başga-da pagta meýdanlarynda goşuna alnan esgerleri hem görse bolýar.
Aşgabatda we onuň eteklerinde ýerleşýän harby bölümleriň isgerleri pagta meýdanlaryna höwes bilen gidýärler. Sebäbi, daýhan birleşikleri esgerleri naharlamaly edilipdir. Harby gullukçylaryň sözlerine görä, pagta meýdanlarda berilýän nahar harby bölümdäkiden gowurak.
Habar berilmegine görä, “ak altyn” hasylynyň azlygy sebäpli, esgerler 50 kg pagta ýygmak tabşyrygyny ýerine ýetirip bilmeýärler. Esgerler ýygan pagtalary üçin pul almaýarlar. Daýhanlar bu iş üçin diňe uly ofiserlere pul töleýärler.
Belleýäris, türkmen goşunynda esgerleri oba hojalyk işlerinde, gurluşyk işlerinde we köçeleri arasslamakda ulanmak bireýýämden adaty bir zada öwrüldi. Ofiserler esgerleri köplenç hakyna sygyr ýataklaryny ýa-da öz garyndaşlarynyň we tanyşlarynyň howlularyny arasslamaga hem iberýärler.
Pagta hasylynyň azlygy, býujet edaralarynyň işgärleriniň we esgerleriň pagta ýygmaga iberilişi barada TAH we “Azatlyk” radiosy hem habar berdi.
