Şu günler Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyryşy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 16-njy sentýabryndaky Permanyny ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipeler netijeli durmuşa geçirilýär.
Oktýabr aýynda badalga alan bu möwsümdäki harby guramaçylyk işleri milletiň LIderiniň degişli Permany esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýerine ýetirilýär ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.
Möwsümiň dowamynda merdana milletimiziň edermen nesilleri çagyryş hatlary esasynda geçirilýän lukmançylyk barlaglaryna işjeň gatnaşýarlar.Harby wekilliklerde tejribeli lukmanlardan düzülen toparlaryň sanlylaşdyrylan lukmançylyk enjamlary arkaly geçirýän barlaglary ýaşlaryň saglyk ýagdaýyny maksadalaýyk anyklamaga şert döredýär.
Milli lukmançylygyň döwrebap usullarynda geçirilýän lukmançylyk barlaglarynda çagyryşa degişli raýatlaryň doly ýagdaýda beden we ruhy sagdynlygy anyklanylýar. Çagyryş boýunça harby gullugy geçmäge çagyrylýan raýatlar bilen ýekebara we köpçülikleýin söhbetdeşlikler hem geçirilýär.
Onda ýaşlaryň umumy we syýasy düşünjeleri, psihologik taýýarlyklary, ele alan hünärleri, başarnyklary, bilim derejesi we ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlary öwrenilýär.
Nyzamly gulluga ýaramly diýlip saýlanan ýaşlarda harby ulgam bilen bagly düşünjeleri döretmek, olaryň harby gulluga we harby durmuşa bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilýän medeni çäreler hem baý mazmuna beslenýär.
Medeni maksatnama esasynda guralýan watançylyk mazmunly çärelerden soňra, watançy gerçekler dabaraly harby gulluga ugradylýar.Bu döwürde esgerligiň öňüsyrasyndaky ýigitler saýlanan goşun görnüşine görä, degişli harby lybas bilen üpjün edilýär.
Gerçek ýigitleriň ýaraşyklylygyny artdyrýan täze hem-de döwrebap biçüwli harby lybaslar olarda üýtgeşik duýgy we ýatdan çykmajak pursatlary döredýär.
