Türkmenistanda Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Breýn-ring bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanda Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Breýn-ring bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanda her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle-de hem TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Dialog — parahatçylygyň kepili atly Breýn-ring bäsleşigi geçirildi.

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web saýtynyň habar bermegine görä, Bäsleşige Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Mohammad Faýýazi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni Merjen Muhammedowa dagy eminlik etdiler.

Gyzykly pursatlara baý bolan bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä, onda hödürlenen sowallara tiz we dogry jogap bermek boýunça TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary birinji orny mynasyp bolmagy başardylar. Baýrakly ikinji we üçünji orunlara bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar toparlary eýe boldular.

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen bäsleşigiň Best Speaker nominasiýasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Aýjemal Açilowa ýeňiji bolmagy başardy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanyň Prezidenti kazyýetleriň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi
ÝB-niň adam hukuklary wekili Aşgabatda žurnalist Soltan Açylowa bilen duşuşdy