Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 40 sany desga satuwa çykarylýar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 40 sany desga satuwa çykarylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 40 sany desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar berşine görä, döwlet eýeçiligindäki desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda sanly platformanyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Berzeň geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän we meýdany 3 müň 967 inedördül metre barabar bolan bişen kerpiç öndürýän sehi, şol welaýatda ýerleşýän “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (8 müň 800 inedördül metr), Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 müň 400 inedördül metr) satuwa çykaryldy.

Şeýle hem dükanlar, kafeler, naharhanalar, dolandyryş binalary we önümçilik desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar.

Auksiona gatnaşyjylaryň hemmesine öňünden hususylaşdyryljak emläk baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki emläkleriň satuwy ähli borçnamalar bilen amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 42 desga satuwa çykarylýar
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 42-si satuwa çykarylýar
Balkan welaýatyndaky ýod-bromly suw ýataklary özleşdiriler
Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasyna barmaga çagyrdy
Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň maslahaty açyldy
Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi