Türkmenistanda Döwlet we hukuk institutynyň 10 ýyllygy bellenildi

26-njy dekabrda Aşgabatda tematiki konferensiýa geçirmek bilen, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy bellenildi. Oňa gatnaşyjylara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gutlag çap edildi.

“Türkmenistanyň prezidentiniň ýanynda 2007-nji ýylyň 26-njy dekabrynda döredilen Döwlet we hukuk institutyna 10 ýyl doldy.Geçen döwrüň dowamynda institut Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça seljermeleriň geçirilmegine mynasyp goşant goşdy.

Durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň BMG-niň durnukly ösüş maksatnamalary bilen sazlaşykly utgaşmagy, ýurdumyzda adam hukuklarynyň üpjün edilmegi netijesinde, her bir adamyň beden taýdan sagdyn, ruhy we ahlak taýdan kämil ösmegi üçin ähli şertler döredilýär” diýip, TDH döwlet habar gullugy prezidentiň sözlerini sitirleýär.

Emma iş ýüzünde “ýurtda repressiw režim berkidilýär döwlet senzurasy güýçlendi, hökümetiň resmi syýsaty bilen ylalaşmazlygyň islendik görnüşi gazaply basylyp ýatyrylýar”. Bu barada Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada taýýarlanan nobatdaky hasabtda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

28.08.2017 | Durmuş-ykdysady meseleleri we Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri wideoşekilli iş maslahatyna girizildi
02.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Importyň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi
26.12.2017 | Aşgabatda döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny ösdürmek meselelerine bagylanan maslahat geçirildi
20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisine taýýarlyk meseleleri boýunça maslahat geçirdi
31.08.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi