Şu günler dollaryň kursy 18,4-den 21,5 manat aralygynda bökjekleýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Bu ýagdaý esasy azyk önümleriniň we harytlarynyň bahalarynyň has köp gymmatlamagyna alyp gelýär.
Mysal üçin, 1,5 litrlik çüýşdedäki “Berzeňňi” suwy geçen hepde 1 manatdan 3,5-4 manada çenli gymmatlady.
Nahar duzynyň bir gaby mundan bir aý owal 2 manat bolan bolsa, häzir 26 manatdan satylýar.
TH-nyň ozal ýazyşy ýaly, 11-nji maýda dollaryň kursy Aşgabatda 21 manada çykdy we resmi kursdan alty esse ýokary boldy, 13-nji maýda bolsa 20 manada düşdi.
Resmi walýutanyň kursunyň aşaklamagy azyk önümleriniň, dermanlaryň we dürli hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirdi.