Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär

Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy.Hazaryň kenarynda her ýyl geçirilýän foruma Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanlarynyň hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen Awstriýadan, Germaniýadan, Bolgariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Kanadadan, Hindistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan gelen 70-e golaý kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

Häzirki döwürde syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler Türkmenistanyň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistanda bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler, syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasynyň giňeldilmegi, ekologiýa, sagaldyş, sport we at üstünde syýahatçylyk ýaly täze ugurlaryň ornaşdyrylmagy, dynç alyş şertleriniň döredilmeginiň dowam etdirilmegi milli syýahatçylyk ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we onuň ählumumy ulgama goşulyşmagyna gönükdirilendir.

Awazada geçirilýän forumyň esasy wezipeleri taryhy-medeni ýadygärlikleri, ruhy we maddy mirasy we halkymyzyň hem-de bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň däp-dessurlaryny wagyz etmekden, dünýä syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen bar bolan hem-de kemala gelýän täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, syýahatçylyk ulgamynda meseleleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, ak mermerli paýtagtymyzda we welaýatlarda kaşaň myhmanhanalar toplumlarynyň gurulmagy ýurdumyzyň halkara syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýän uly mümkinçiliklere öwrüldi.

Syýahatçylyk ulgamynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi, netijeli guramaçylyk çeşmeleriniň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek üçin maýa goýumlarynyň çekilmegi ykdysadyýetimiziň bu ugrunda uzakmöhletli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly mümkinçilikler açýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. “Seýrana” myhmanhanasynda guralan serginiň açylyşynda aýdym-saz we tans toparlary çykyş etdiler.

Sergide dünýäniň dürli ýurtlarynda teklip edilýän döwrebap syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň toplumy, şypahana-dynç alyş, myhmanhana-işewürlik ulgamlarynda we garyşyk ugurlarda döwrebap tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlary giňden ulanmakda toplanan tejribeler we ýetilen sepgitler görkezilýär.

Tejribe alyşmak, uzak geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm çärä öwrülen sergä ýurdumyzdan Medeniýet, Sport we ýaşlar syýasaty, Oba hojalygy hem-de daşky gurşawy goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Saglygy goraýyş hem-de derman senagaty, Senagat we kommunikasiýa ministrlikleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň hatarynda “Türkmendemirýollary”, “Türkmenaragatnaşyk”, “ Türkmenawtoulaglary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty, Türkmen döwlet Medeniýet instituty, Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik banky, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň, ugurdaş hususy kärhanalaryň onlarçasynyň, Awazanyň myhmanhanalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Sergi Türkmenistanyň hem-de onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk künjekleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk we myhmansöýerlik ulgamyndaky meýiller barada, dynç alşyň dürli görnüşlerini guramak, medeni-wagyz hem-de ülkäni öwreniş işleri barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Bu ulgamda ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri baý taryhy-medeni mirasa, tebigy künjekleriň örän dürlüligine hem-de täsin saglygy dikeldiş serişdelerine daýanýar.Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň açylyş dabarasy boldy, şonuň çäklerinde ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan syýahatçylyk toplumyny innowasiýa häsiýetli ösdürmegiň strategiýasy, şele hem Türkmenistanda bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyryldy.

Diýarymyza gelýän syýahatçylaryň sanynyň barha artmagy hem-de iri ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmalary halkara syýahatçylygynyň geljegi uly ugry hökmünde ýurdumyza dünýäde barha gyzyklanmanyň artýandygynyň subutnamasy bolup durýar.Bütin dünýäde tebigy täsinliklere eýe bolan, gadymyýetiň we häzirki döwrüň sazlaşýan künjekleri boýunça ýurdumyza taryhy gezelençlere bolan isleg barha artýar.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary boýunça gezelençler iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda durýar, Türkmenistan bu gadymy ýoluň ýüregidir.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gadymy ýol baradaky kitabynda bellenilişi ýaly, biziň halkymyza bu taryhy ýoluň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde esasy orun degişlidir.

Gündogaryň heniz syrlary doly açylmadyk siwilizasiýalarynyň biri bolan gadymy Marguş ýurdy jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.Ol özüniň täsin ýadygärlikleri hem-de bu ýerde dürli döwürlerde ýüze çykarylan haýran galdyryjy tapyndylar bilen meşhurdyr. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelençler jahankeşdelerde unudylmajak täsirleri galdyrýar.

Erkgalanyň we Gäwürgalanyň gadymy galyndylary, üýtgeşik gurluşlary bilen haýran galdyrýan Uly we Kiçi Gyz gala, Soltan Sanjaryň ägirt uly kümmeti bu taryhy ýerlere syýahat etmäge çagyrýar. 1999-njy ýylda bahasyna ýetip bolmajak gadymy Merwiň ýadygärlikler toplumy UNESСO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Köneürgenç şäheri köpsanly syýahatçylary özüne çekýär.Bu ýerde UNESСO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp ýadygärlikler biziň günlerimize çenli saklanyp gelipdir. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokarda agzalan, Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdiren bu gadymy ýola bagyşlanan kitabynda ýazylyp beýan edilen Merkezi Aziýada iň belent ymaratlaryň biri bolan Gutlug Temiriň minarasy, Soltan Alaed-din Tekeşiň, Törebeg hanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Il Arslanyň, Pirýar Weliniň, Seýit Ahmediň aramgähleri we Orta asyr binagärliginiň beýleki hakyky göwherleri bar.

Olar şekillendiriş sungatynyň ýokary kämillik derejesi bilen tapawutlanýar, milli binagärligiň müňýyllyklara uzaýan ýörelgeleriniň dowamatlylygyny äşgär edýär.Arheologlaryň hem-de syýahatçylaryň ünsüni çekýän gadymy şäherleriň hatarynda Gadymy Nusaý aýratyn orun eýeleýär.

Türkmenleriň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda guran Parfiýa döwleti gadymyýetiň beýik döwletleriňniň biri hökmünde alty asyrlap berkararlygyny saklapdyr.Türkmenistana gelýän syýahatçylar üçin ýurdumyzyň ajaýyp paýtagty bilen tanyşmak aýratyn ähmiýetlidir.Bu ýerde binagärlik ajaýyplyklarynyň ençemesi bar. Şolaryň birnäçesi bolsa Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Dünýäniň köp ýurtlaryny aýlanyp, iň belli şäherleri gözleri bilen gören syýahatçylar paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbine haýran galýarlar hem-de Aşgabadyň söz bilen beýan edip bolmaýan ajaýyplyklaryna haýran galýandyklaryny, kaşaňlygy bilen birwagtyň özünde, ýaşaýjylarynyň mylakatlylygy we hoşniýetliligi bilen ýüreklere girýändigini aýdýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen “Awaza” milli syýahatçykyk zolagy Türkmenistanyň göwher künjekleriniň ýene biridir.Häzirki wagtda ol syýahatçylyk maglumatlar kitapçalarynyň ählisinde mynasyp orun aldy, dünýäniň syýahatçylyk agentlikleriniň neşirlerini kaşaň myhmanhanalary, awtobanlary, seýilgähleri, amfiteatrlary we suw çüwdürimleri bilen bezedi. Ýahtalar, gaýyklar, katerler hem-de katamaranlar, suw lyžalary, serfingler, daýwingler we suw paraşýutlary - bularyň hemmesi bu ajaýyp şypahananyň işjeň dynç alşy söýýänlere hödürleýän mümkinçilikleriniň diňe bir bölegidir.

Awazanyň düzüm-durky gözlerimiziň alnynda barha ösýär we kämilleşýär.Bu ýer syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine ugur alan erkin ykdysady zolakdyr.Döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly tagallasynyň netijesinde bu ýerde işleýän ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalaryna, bejeriş-sypahana we durmuş-ykdysady desgalara, myhmanhana işewürligine, hyzmat ulgamyna maýa goýýan maýadarlara, islendik gerimdäki taslamalary durmuşa geçirmäge iň oňat şertler döredilýär.

Mundan başga-da, bu ýerde dürli derejeli iri halkara forumlary geçirilýär. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.Bu forum Hazaryň türkmen kenaryna diňe bir Hazarýaka ýutlarynyň ýokary derejeli wekillerini däl, eýsem, dünýä bazaryna iri gatnaşyjylary ýygnady.

Hazar ykdysady forumynyň dürli meýdançalarynda bu gün Türkmenistanda halkara ölçeglerine kybap gelýän ulag düzüminiň döredilýändiginiň, pudagyň maddy enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň görkezilmegi syýahatçylyk ulgamynyň ösdürilmeginde örän möhümdir.Umuman, “Syýasatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we onuň çäklerinde guralýan pudaklaýyn maslahat bu ulgamda Türkmenistanyň gazananlaryny açyp görkezmäge, bu ulgamy ösdürmäge dürli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaga, öňdebaryjy kompaniýalaryň işläp taýýarlamalaryny seljermäge, bu ugurda ýurdumyzyň daşary ýurtly düzümler bilen hyzmatdaşlygynyň nusgalyk mysallaryna garamaga ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

09.10.2019 | Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär
04.01.2018 | Türkmenistan 2018-nji ýyl üçin iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda
21.03.2018 | Nowruzyň şanyna ählihalk dabarasy
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç