Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça bäş ýyllyk Milli maksatnama tassyklanyldy

Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça bäş ýyllyk Milli maksatnama tassyklanyldy

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça Sagdyn ene sagdyn çaga sagdyn geljek atly 20262030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Maksatnamanyň işlenip taýýarlanylyşy we milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.Täze strategiýanyň esasy maksady eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Maksatnama lukmançylyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Resminama sagdyn jemgyýeti kemala getirmek hem-de maşgala institutynyň ygtybarly durmuş goragyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tassyklanan çäreler meýilnamasynyň ähli ugurlarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ileri tutulýan ugurlary wagyz edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň, durnuklylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmaga goşant
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-a başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi