Türkmenistanda et gymmatlady

Türkmenistanda et gymmatlady

Mary we Lebap welaýatlarynda iýmit önümleriniň, şol sanda etiň we süýdüň bahalary gymmatlaýar. Döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň bahalary hususy dükanlar bilen deňeşdirilende gymmatlygynda galýar. Bu aralykda, walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasy Maryda 31 manat 20 teňňe, Türkmenabatda 32 manat.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy sebitde 1 kilogram süňkli sygyr etiniň bahasynyň 60 manatdan geçendigini habar berdi.

Lebaply habarçynyň maglumatlaryna görä, bu welaýatda etiň bahasy geçen aý 65 manatlygyndan bu aý 85 manada ýokarlandy, 1 kilogram süňksüz et 100 manatdan bahalanýar.

Şeýle-de, habarçy Balkan welaýatynyň port şäheri Türkmenbaşyda 1 kilogram sygyr etiniň 90 manatdan, 1 kilogram düýe etiniň 79 manatdan bahalanýandygyny habar berýär.

Azatlygyň Mary welaýatyndaky habarçysy azyk harytlarynyň döwlet dükanlaryndaky bahalarynyň hususy dükanlar bilen deňeşdirilende has gymmatlygynda galýandygyny habar berdi. Ol bahalary deňeşdirdi:

Towuk budunyň bir kilogramy Marynyň döwlet dükanlarynda 19 manat, hususy dükanlarda 30 manat; bir kilogram şeker döwlet dükanlarynda 12 manat, hususy dükanlarda 24 manat; bir litr günebakar ýagy döwlet dükanlarynda 24 manat, hususy dükanlarda 35 manat; bir litr pagta ýagy döwlet dükanlarynda 16 manat, hususy dükanlarda 30 manat.

“Bu harytlar döwlet dükanlarynda hemişe bolmaýar, eger bar ýagdaýynda halka doly ýetirilmeýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy we döwlet dükanlaryndaky harytlaryň bazarlarda satylýandygyny sözüne goşdy.

Ol döwlet dükanlarynda iýmit önümleriniň diňe belli bir böleginiň adamlara döwlet bahasyndan satylyp, galan böleginiň bazarlarda bazar bahasyndan satylýandygyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň döwlet dükanlarynda iýmit önümleriniň söwdasy boýunça Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak üçin edýän dowamly synanyşyklary netije bermeýär.

Azatlygyň ikinji habarçysy Türkmenabatda, Farapda we Türkmenbaşyda et we süýt önümleriniň bahalarynyň geçen aý bilen deňeşdirilende 30 göterim töweregi ýokarlanandygyny habar berýär. Türkmenistanyň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Farap etrabynda 1 litr gaplanan süýt 30 manat mahaly, ýurduň günbatarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde onuň bahasy 33 manat; gaýtadan işlenmedik süýdüň 1 litri Farapda 12 manat, Türkmenbaşyda 20 manat.

Bu aralykda, maryly habarçy sebitde walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasynyň 31 manat 20 teňňä babarbardygyny, Lebap welaýatyndaky habarçy 22-nji martda günüň birinji ýarymynda Türkmenabatda we Farapda dollaryň 31 manat 40 teňňeden satylýandygyny habar berdiler. Lebapda günüň ikinji ýarymynda bu baha 32 manada çykdy.

Maryda diňe et we süýt önümleri däl eýsem, habarçynyň maglumatlaryna görä, beýleki azyk harytlarynyň, egin-eşikleriň, gurluşyk önümleriniň, ekerançylyk tohumlarynyň we derman serişdeleriniň bahalary hem ýokarlandy.

“Hususy dükanlarda harytlar günsaýyn diýen ýaly üýtgeýär. Kartoşkanyň 1 kilogramy 12 manat, 1 kilogram pomidor 20 manat. Hemme harytlaryň bahasy her gün diýen ýaly 1 manat köpelýär” diýip, bir maryly jaşaýjy aýtdy.

Bahalar yzygiderli üýtgeýän mahaly, dükan satyjylary tekjelerdäki bahalary yzygiderli üýtgedip ýetişmeýär.

“Köp dükanlaryň tekjelerindäki bahalar bilen kassirleriň bahalary deň gelmeýär. Dükan eýelerinden harydyň hakyky bahalarynyň tekjelerdäki bahalardan has ýokarydygy barada soralanda, olar biz nyrhlaryň her gün üýtgäp durmagy bilen tekjelerdäki bahalary üýtgedip ýetişmeýäris’ diýýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Şu aralykda, habarçylar bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar etiň bahasynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

“Köp adam häzir mallaryny soýmaýar, olary saklap otyrlar. Nyrhlar ýene göterilmeli’ diýýärler” diýip, bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Maldarlaryň sözlerine görä, etiň bahasynyň ýokarlanmagy mallar üçin ot-iým ýetmezçiligi bilen baglanyşdyrylýar.

“1 kilogram künjara Farapda 9-11 manatdan satylsa, 20 kilogramlyk bir halta kepek 150 manatdan satylýar” diýip, bir faraply ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda maldarlaryň ot-iým, künjara we kepek kynçylyklary barada ýyllarboýy habar berip gelýär.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri etiň we süýt önümleriniň bahalarynyň birden ýokarlanmagy barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ilata azyk elýeterliligi çäkli bolup galýar, pes hilli azyga hyrydar artýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumynyň kämilleşdirilmegini nygtady
Türkmenistandan goňşy Özbegistana gatnap, gazanç edýänler köpelýär
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy, Aşgabatda noýabr aýynda Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Hyzmatdaşlyk forumy geçiriler we beýleki habar
Türkmenistanda mejbury pagta ýygymy ozal görlüp-eşidilmedik derejede möwjeýär’
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ