Türkmenistanda gowaçanyň ýokary hasyl berýän ýerli sorty döredildi

Türkmenistanda gowaçanyň ýokary hasyl berýän ýerli sorty döredildi

Gowaçanyň Tohu-17 sorty Gossupium hirsutum görnüşine degişli bolmak bilen, görnüşiçre daşlaşdyrma usuly bilen döredildi. Gibridleşdirme 1996-njy ýylda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň Ýolötendäki ylmy-önümçilik synag hojalygynyň (öňki Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty) tejribe meýdançalarynda geçirildi ― diýip, Bereketli toprak gazeti habar berýär.

Bu sortuň ýönekeý gibridi institutda saklanylýan, Hindistan nusgawy sort bilen çylşyrymly gibridleşdirmeden döredilen Li-8109 sorty özara çakyşdyrylyp alyndy.Soňra bu gibridiň 1-nji neslinde, önümçilikde giňden ekilýän gowaçanyň orta süýümli 133 sorty bilen gaýtadan çakyşdyrma geçirildi (F1(Hindistan x Li-8109) x 133).

Hindistan süýüminiň ýokary çykymlylygy (40 — 41 göterime çenli), Li-8109 süýüminiň ýokary hili (2 — 3-nji tiplere degişli), 133 bolsa ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýardy.Gibridleşdirme Hindistan nusgawy sortunyň ýokary süýüm çykymlylygyny, Li-8109 sortunyň süýüminiň ýokary hilini we gozasynyň iriligini, 133 sortunyň ýokary hasyllylygyny bir sortda jemlemek maksady bilen geçirildi.

Sortuň ilkinji saýlantgy ösümligi 2002-nji ýylda saýlanylyp alyndy. 2009 — 2010-njy ýyllarda ilkinji, 2011 — 2013-nji ýyllarda bäsleşik, 2014 — 2016-njy ýyllarda Ýolöten-49 ady bilen döwlet sort synag meýdançalarynda, 2019 — 2020-nji ýyllarda bolsa, Tohu-17 ady bilen (Tohu-Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, 17 — 2017-nji ýyl) önümçilik şertlerinde giňden öwrenildi.

Sort Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň 2021-nji ýylyň 17-nji aprelinde çykaran buýrugy esasynda önümçilige hödürlenildi.

Gowaçanyň Tohu-17 sorty bäsleşik sort synagynda bol hasyllylygy, pagta süýüminiň inçeligi we uzynlygy bilen deňeşdirilýän Ýolöten-7 sortundan tapawutlanandygy üçin döwlet sort synagyna kabul edildi.Döwlet we önümçilik sort synagynda öwrenilýän döwürlerinde sortuň hasyllylyk we süýüm çykymlylyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, goşmaça seleksiýa we tohumçylyk işleri hem alnyp baryldy.

Bu işleriň netijeleri önümçilik synaglarynyň maglumatlarynda aýdyň görünýär.Mysal üçin, Ahal welaýatynyň Ahal ylmy-önümçilik synag hojalygynda ekilen 5 gektar meýdanyň her gektaryndan 28,2 sentner pagta hasyly alnyp, deňeşdirilýän Ýolöten-7 sortunyňkydan 3,2 sentner artyk, pagta süýüminiň çykymy bolsa 2,3 göterim ýokary boldy.

Süýümiň uzynlygy, inçeligi, berkligi boýunça hem Tohu-17 sortunda artykmaçlyk bar.Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Atçapar daýhan birleşiginde 10 gektar meýdanda geçirilen önümçilik synagynda Tohu-17 sortunyň ekilen her gektaryndan 29,9, deňeşdirilýän Ýolöten-7 sortundan bolsa 23,4 sentner hasyl alyndy.

Aratapawut 6,2 sentnere deň boldy.Käbir kärendeçi daýhanlar ýokary hasyl almagy başardylar.Mysal üçin, Ilmyrat Bazarow gektardan 45,9, Maýa Myradowa 41,3, Gülnabat Meredowa 38,7 sentner hasyl aldylar.

Bu synagda hem Tohu-17 sorty gozasynyň iriligi, süýüm çykymynyň we hiliniň ýokarylygy bilen tapawutlandy.Mysal üçin, Tohu-17 sortunyň 1 gozadaky pagtasynyň agramy 7,1 grama deň bolup, standart sortuňkydan 1,2 gram, süýüminiň çykymy 37,0 göterime deň bolup, standart sortuňkydan 1,6 göterim ýokary boldy.

Süýümiň hili boýunça hem talabalaýyk netijeler alyndy.

Gowaçanyň Tohu-17 sorty pagta arassalaýjy kärhanalaryň önümçilik synagyndan geçirilip, onuň süýüm we tohum çykymy kesgitlenildi. Netijede, täze sortuň süýüm çykymynyň Ýolöten-7 sortunyňkydan, takmynan, 2,0 göterim töweregi artykdygy, tohum çykymynyň hem kada laýykdygy, ýagny, 57,2 — 59,1 göterime barabardygy hasaba alyndy. Pagta işlenende süýüm hiliniň zaýalanman öňküligine saklanýandygy hem mälim edildi.

Tohumçylyk işlerini ylmy esasda alyp barmak üçin sortuň daşky sypat we agrohojalyk alamatlaryny bilmek zerurdyr.Tohu-17 sortunyň ösümligi şahaly, çugdam, üçburçluk (piramida) görnüşlidir, boýy 90 — 110 santimetr aralygydyr.

Agrotehniki çäreler ýokary derejede geçirilende, 1 — 2 sany goşmaça hasyl berýän, ösüntgili (monopodial), şahalar emele gelýär. Ýapraklary orta ululykda, 3 — 5 ülüşli, çala bildirýän tüý örtükli, ýapraklylygy ortaça.Güli ortaça ululykda, solak sary reňkli, 5 sany gül ýapragy bar.

Gülýany 3 sany, gümmez görnüşli, 9 — 11 sany dişli (kertikli).Baldagy berk, ýykylmazak, esasy baldagy ösümlik ýaş wagtynda ýaşyl reňkli, gozalary açylyp başlandan kem-kemden goňur reňke geçýär, çala bildirýän tüý örtügi bar.

Birinji hasyl şahasy 4 — 5-nji bogunlarda emele gelýär, şahalardaky bogun aralary gysga bolup (2-nji görnüşe degişli), çugdamlygy emele getirýär, şeýle hem pagta hasylyny tehnikalar bilen ýygmaga amatlylyk döredýär.

Pagta süýümi ak, hili boýunça 4-nji derejä degişli. Bir gozadaky pagtasynyň agramy 7,0 — 7,2 gram, süýüminiň çykymy 36,5 — 37,0 göterime barabar. Çigidi iri, 1000 sanysynyň agramy 125 — 128 grama barabar, tüý örtügi çalymtyk ak reňkli.

Gowaçanyň orta süýümli Tohu-17 sortunyň tohumy S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw-tejribe hojalygynda we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky ylmy-önümçilik synag hojalygynda köpeldilip başlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
10.01.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi