Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem ilçä ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, türkmen Parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.Duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, iki döwletiň hyzmatdaşlyga bolan mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Gresiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorari iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. /* custom css */ .td_uid_15_67504682387c8_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67504682387c8_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Gresiýanyň täze ilçisi işe başlady
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ BEJERIŞ IŞLERI BOÝUNÇA WISE-PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň Ýol kartasy
Maýa goýum forumy — uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüş üçin möhüm meýdança
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY