Türkmenistanda Halkara ýaşlar güni mynasybetli onlaýn seminar geçirildi

Türkmenistanda Halkara ýaşlar güni mynasybetli onlaýn seminar geçirildi

12-nji awgustda bellenýän Halkara ýaşlar gününiň bosagasynda Türkmenistanda “Parahatçylyk, ynanyşmak, ýaşlar ýetginjekleriň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek ýolunda” atly onlaýn seminar tamamlandy. Ýurdumyzyň çar künjeginden 150-den gowrak ýaş ýigitdir gyzlaryň gatnaşan bu çäresiniň guramaçysy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Onlaýn seminar parahatçylyk, ynanyşmak we howpsuzlyk meselelerinde tejribe we bilim alyşmak, şeýle hem ýaş nesliň durmuşynda ýüze çykýan zerurlyklary, kynçylyklary we olary çözmek üçin teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Ol ýaşlar bilen ministrlikleriň, müdirlikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň arasynda gepleşikler üçin ýerlik berdi.

10 ýaşdan 24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň häzirki nesli taryh boýunça iň köpsanly nesildir. Ol Aziýa sebitinde, şol sanda Merkezi Aziýada-da ilatyň takmynan 60%-ine barabardyr. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýaşlaryň maýa goýmak üçin möhüm gor bolup durýandygy baradaky düşünje tutuş dünýä boýunça barha artýar.

Ýaş nesliň saglygyna we bilimine maýa goýmak, olaryň öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin şertler we mümkinçilikler döretmek bilen, ýurtlar sosial we ykdysady ösüşe goşant goşýarlar. Şol sebäpli BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterris tutuş dünýäde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmagy maksat edinýän “Ýaşlar 2030” atly täze Global Strategiýany hödürledi.

Ol häzirki ýaşlaryň bilim, saglyk, iş üpjünçiligi, jyns deňligi we bu maksatlara ýetmek ugrundaky herekete gatnaşmak hukugy babatdaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin, ýurtlary bilelikde çäre görmäge çagyrýar.

Ýurduň ilatynyň takmynan ýarysyny düzmek bilen, Türkmenistanyň ýaşlary geljek üçin möhüm gor we maýadyr. 2013-nji ýylda UNFPA Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde “Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty” Kanunynyň işlenip düzülmegine gatnaşdy. Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsaTürkmenistanyň milli Lideri 2021 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Ýaşlar Syýasatynyň ikinji Döwlet Maksatnamasyny tassyklady.

***

Halkara ýaşlar güni Ýaşlar meseleleri boýunça ministrleriniň Bütindünýä konferensiýasynyň (Lissabon, 1998-nji ýylyň 8-12-nji awgusty) tekliplerini BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1999-njy ýylyň 17-nji dekabryndaky Karary bilen goldan pursatyndan başlap, her ýylyň 12-nji awgustynda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar 
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy
ТУРКМЕНИСТАН ГОТОВИТСЯ К СПЛОШНОЙ ПЕРЕПИСИ НАСЕЛЕНИЯ И ЖИЛИЩНОГО ФОНДА
BMG: Dünýä ilaty 8 milliarda ýetdi
Türkmenistanyň BMG-niň gurluşlary bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Ilat ýazuwy—2022 Türkmenistanda ilkinji sanly ilat ýazuwy bolar