Türkmenistanda harby psihologlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Türkmenistanda harby psihologlaryň arasynda bäsleşik geçirildi

Ýakynda podpolkownik Şyhmyrat Öräýewiň serkerdelik edýän garnizonynda 2020-nji ýylyň meýilnamasy esasynda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň psihologlarynyň arasynda olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we psihologiýa işini guramakda tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, Ýylyň harby psihology atly bäsleşik geçirildi ― diýip, Esger gazeti habar berýär.

Harby psihologlar jemi 5 şert boýunça bäsleşip, olar şahsy düzümiň arasynda ýokary ruhy durnuklylygy saklamak, psihologiýa işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwrebap iş tejribelerini ýaýratmak we hünär ussatlygy boýunça çykyş etdiler.

Netijede, Çagry beg adyndaky harby bölümiň psihology, kapitan Sona Joraýewa 1-nji, welaýatyň raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň şäher halas ediş toparynyň psihology, kapitan Maral Meňliýewa 2-nji, Territorial goranyş goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky harby bölümiň psihology, maýor Dürligözel Burkazowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
BURKINA FASO, THE SYRIAN ARAB REPUBLIC AND UGANDA BECAME MEMBERS OF THE GROUP OF FRIENDS OF NEUTRALITY FOR PEACE, SECURITY AND SUSTAINABLE DEVELOPMENT
BMG: azyk howpsuzlygy bilen bagly ýagdaý 20-den gowrak ýurtda ýitileşip biler