Türkmenistanda hossarsyz galan çagalaryň pensiýalarynyň möçberleri ýokarlandyrylar

Türkmenistanda hossarsyz galan çagalaryň pensiýalarynyň möçberleri ýokarlandyrylar

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, merhumyň maşgalasyna ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň bellenilmegi göz öňünde tutulandyr we pensiýanyň bu görnüşiniň möçberleri eklençdäkileriň sanyndan ugur alyp hasaplanylmagy bellenendir.

Bilşimiz ýaly Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny 22-nji noýabrda resmi çap edildi we 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girer.

Kabul edilen bu Kanunyň herekete girmegi bilen, eklenjinde dört we şondan köp ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi ýokarlanar.

Häzirki wagtda hereket edýän Kodekse laýyklykda, üç we ondan köp çaga üçin ähli ýagdaýlarda pensiýa pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygyň 285 göterimi tölenilýän bolsa, indiki ýyldan başlap ýetim çagalara tölenilýän ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa şu möçberde töleniler:

•dört çaga binýatlyk ululygyň 335 göterimi (1 373,50 manat); •bäş we şondan köp çaga binýatlyk ululygyň 380 göterimi (1 558,00 manat).

Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululyk Türkmenistanyň Permanyna laýyklykda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 410 manat möçberde bellenilendir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizildi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Prokuratura işgärleri döwlet edara-kärhanalarynda barlag geçirýär
Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryna onlarça heýkel diker