Türkmenistanda howa -20 gradusa çenli sowaýar

Türkmenistanda howa -20 gradusa çenli  sowaýar

Türkmenistanda soňky günlerde howa birden sowady. Käbir sebitlerde howa - 21 gradusa ýetýär. 12-nji dekabrda Bitaraplyk gününi belleýän ýurtda häkimiýetleriň planlaşdyran çäreleriniň köpüsi ýapyk binalaryň içinde geçirilýär.

Ýurduň demirgazygynda Lebapda örän sowuk. Darganatada we Gazojakda soňky günler howa gijelerine -15° -21° aralygynda sowaýar.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu şäherlerde hususy hojalyklarda gaz we elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpelipdir. Gazgeçiriji sistemalarda we elektrik toguny berjaý edýän infrastrukturada döreýän awariýalar we näsazlyklar ilatyň gaz, tok bilen üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp bolýar.

"Awariýalar köpeldi. Garaşylmadyk sowuk howa gaz trassalarynyň we turbalaryň ýarylmagyna sebäp bolýar" diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar.

Darganatanyň daýhan birleşiklerinde, Çarwadar, Gazojak şäherlerinde üç gün bäri yzygiderli döreýän gaz üpjünçilikdäki problemalar ýaşaýyş jaýlaryň sowuk galmagyna getirdi. Adamlar öýlerini ýylatmak üçin özbaşdak çäre görmäge mejbur bolýarlar. Oba adamlary odun, sazak we solýarka ýakyp günlerini görýärler.

"Anomal sowukda hojalyklar ýyladyş ulgamyny doňdurmajak bolup her öýde gijelerine nobatçylyk çekýärler we suw bilen ýyladylýan gazany doňdurmazlyk üçin her bir sagatdan odun çapyp, ýakýarlar. Öýleri sowukdan goramak üçin çagalary, garrylary ýylatmak we öýümiziň katelnisi doňup ýarylmaz ýaly çalyşýarys" diýip, darganataly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda howa geçen dynç günlerinde birden sowap başlady we minus derejelere ýetdi. Ozalky hepde Aşgabatda gündizlerine +21 gradusa çenli gyzýardy, gijelerine 10 gradus derejesinde bolýardy.

Şu günler birden düşen sowuk döwlet maldarçylyk edaralarynyň we hususy maldarlaryň aladalaryny artdyrdy. Iri şahly mallaryň we kiçi mallaryň sowukdan ölýän halatlary ýüze çykdy.

Azatlygyň habarçylaryna Lebapda mallaryň gyrylmagyna degişli birnäçe ýagdaý mälim boldy. Ýüze çykan ýagdaýlaryň biri Darganatada boldy.

"11-nji dekabra geçilen gije gumda öride bakylýan 1 müňe golaý goýun-geçili süriniň ýarsyna golaýy açyk meýdanda haram öldi. Sürüleri pagta ýygym gutaransoň 15-nji dekabrda daýhan birleşikleriniň çägine gyşky ýataklara getirmek planlaşdyrylýardy" diýip ýerli maldarlaryň biri gürrüň berdi.

Maldarlaryň sözlerine görä, olar gyş paslynda öri meýdanlarda iým gutaransoň, sürülerini gumdan daýhan birleşikleriniň çägine ýyly ýatakhanalara getirýärler. Goýunlar pagtadan boşan meýdanlarda boş ýerlerde bakylýar. Emma Lebapda, häkimiýetleriň edýän tagallalaryna we pagta ýygyma ýerli ilaty zor bilen gatnaşdyrmagyna garamazdan, ýygym henizem doly tamamlanmady.

Maldarlar we çopanlar sowukdan ölen mallaryň özleri üçin iňňän agyr zarba bolandygyny aýdýarlar. Olar gyşyň başynda eýýäm şeýle uly maddy zyýanyň ýetendigini belläp, munuň öwezini dolmagyň öz boýnuna atyljagyny aýdýarlar.

"Öňümizdäki günler howanyň has-da sowamagyna garaşylýar. Sowukda mallaryň haram ölüp başlanyndan soň häkimlik çopanlara howanyň erbet täsirleri hakda duýduryş berip başlady, emma ot we iým kömegini bermeýärler" diýip, ýerli maldar gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Lebabyň häkimiýetlerinden maglumat alyp bilmedi.

Sowuk howa tutuş Merkezi Aziýa regionyna ornaşdy. Goňşy Özbegistanda Gidrometeorologiýa Gullugy 11-nji we 13-nji dekabr aralygynda ýurduň demirgazygynda howanyň temperaturasynyň gije -15-20, gündizine -7-12 derejelere düşer diýip, öňünden habar berdi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň birnäçe sebitinde gar ýagdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Darganatada aşa sowuk howa ilatyň gazynyň we suwunyň kesilmegine getirdi
Lebaply kärendeçiler Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilen mineral dökünleri satyn alýarlar
Mary welaýatynyň bir geňeşliginde ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny sarygarynja basýar
Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy
Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy
Lebap: MHM dindarlaryň öýlerini dökýär