Türkmenistanda IIM-niň täze ýolbaşçysy we Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň täze sekretary bellenildi, ýurtda Bütindünýä Saglyk güni bellenilip geçilýär, Duralga priloženiýesi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlamaga mümkinçilik berýär we beýleki täzelikler

Türkmenistanda IIM-niň täze ýolbaşçysy we Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň täze sekretary bellenildi, ýurtda Bütindünýä Saglyk güni bellenilip geçilýär, Duralga priloženiýesi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlamaga mümkinçilik berýär we beýleki täzelikler

1. Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow polisiýanyň podpolkownigi Muhammet Hydyrowy Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesine belledi

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipesine general-leýtenant Begenç Gündogdyýew bellenildi.

2.Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Bütindünýä Saglyk gününi belläp geçýär. Şanly waka mynasybetli, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni çäreler geçirilýär. 3.Aşgabadyň ýaşaýjylaryna awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlamak mümkinçiligi elýeterli edildi.

Duralga mobil priloženiýesinde awtobuslaryň hereketini onlaýn ýagdaýda yzarlap bilmek mümkinçiligi döredildi. 4.Prezident Serdar Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Baştutany Wladimir Putine Russiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiniň aradan çykmagy bilen bagly çuňňur gynançlaryny bildirdiler.

W.Žirinowski agyr hem dowamly kesel zerarly ömrüniň 76-njy ýylynda aradan çykdy. 5.Daşoguz welaýatynda Nowruz, Suwçy, Merkez-1 täze ýaşaýyş toplumlaryny gaz bilen üpjün etmek boýunça işler geçirildi.

Gülüstan etrabynda ilata gazyň berlişini gowulandyrmak maksady bilen uzynlygy 8268 metr bolan orta basyşly gaz geçirijisi gaýtadan çekildi. 6.Türkmenistanly mekdep okuwçylary Astrahanyň döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetinde okamaga çagyryldy.

Puşkin adyndaky mekdebiň okuwçylaryna hukukçy, jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk hünärleri hakynda we rus hukugynyň taryhy hakynda gürrüň berildi. 7.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine COVID-19-y anyklamak üçin 193 müň sany PZR testleri berildi.

Olaryň umumy bahasy 998 935 ýewro barabar.Test ulgamlarynyň nobatdaky tapgyry Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäginde BMGÖM-den Türkmenistana berildi. 8. Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynyň birinji duşuşygynyň çäklerinde Çelsi öz meýdançasynda Realdan 3:1 hasabynda ýeňildi.

Madrid klubunyň düzüminde 3 goly hem Karim Benzema saldy. 9.Ugurdaş duşuşykda Bawariýa myhmançylykda 1:0 hasabynda Willarealdan asgyn geldi.Lewandowski topardaşlary bilen Willareala garşy durup bilmediler. 10.

Indiana we Wiskonsin uniwersitetleriniň alymlary barlag geçirdiler.Oňa laýyklykda, dinozawrlara aşa köp gyzyklanma bildirýän çagalarda intellekt derejesi has ösen bolýar.Bellenilişi ýaly, dinozawrlar bilen gyzyklanmagy gadymy haýwanlaryň muşdaklaryna ulalanlarynda kynçylyklara garşy zor durmaga kömek eder. 11.

Galaxy S9 we S9+ öndürileninden dört ýyl geçenden soň, täzelenme almagyny bes etdi.Samsung kompaniýasy 2018-nji ýylda öndürilen flagman smartfonlarynyň goldawyny bes etdi.

Ýene degişli makalalar

Iş Nokady: IELTS synagyna Aşgabatda ýokary derejeli taýýarlyk okuwlary
Çäklendirmeler gowşady: Aşgabadyň bazarlarynda dollar we altyn satylýar, telekeçiler "töleg" töleýär
Gotham Awards baýraklaryna dalaşgärler yglan edildi
Germaniýada Kovid-19 Testleri Tölegli Boldy
Synaglar, alamatlar, netijeler. Türkmen epidemiologlary yzygiderli işleýärler
Maryda keselleýänler köpelýär, lukmanlar hassahanalaryň karantine ýapylmak ähtimallygyny duýdurýar