Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  

Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  

Türkmenistanyň prezident premýer-ministriň iki orunbasaryny çalyşdy we täze maliýe ministrini belledi. Kadrlar çalyşygy 10 fewralda geçirlen hökümet maslahatynda amala aşyryldy.

Döwlet mediasyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow Şahim Abdrahmanowy "başga bir işe geçmek bilen baglanyşykly" Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň ýangyç we energiýa toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden bäri Türkmenistanyň prezidentiniň nebit we gaz meseleleri boýunça geňeşçisi bolup işleýän Aşirguly Begliýew, ýurduň ýangyç we energiýa toplumy boýunça täze wise-premýeri bolar.

Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň senagat we energiýa meselelerine gözegçilik edýän orunbasary bolan Çarymyrat Purçekow hem eýelän wezipesinden "başga bir işe geçmek bilen baglanyşykly" aýryldy. Onuň ýerine Baýmyrat Annamämmedow bellendi.

Prezidentiň karary bilen iş başyndan aýrylan bu iki resminiň geçýän täze wezipeleri barada resmi maglumatda habar berilmedi.

Şeýle-de, anna günki hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysyny çalyşdy. Muhammetgeldi Serdarowy Maliýe we ykdysadyýet ministri, şeýle hem Bütindünýä bankynda Türkmenistanyň dolandyryjysy wezipesinden boşatdy. Onuň hem başga bir işe geçmek bilen baglanyşykly wezipesini terk edýändigi aýdyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň başyna ministriň öňki orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Serdar Joraýew bellendi.

Bu kadrlar çalyşygy aýyň başyndan bäri ikinjisidir.

3-nji fewralda Türkmenistanyň güýç gurluşlarynda 'arassalaýyş' geçirildi. ​Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Serhet institutynda geçirilen göçme mejlisinde milli howpsuzlyk ministri wezipesinde iki ýyl işlän Gurbannmyrat Annaýew, Ýokary kazyýetiň başlygy ​Guwançmyrat Ussanapesow we onuň iki orunbasary işden boşadyldy. Olaryň hem wezipelerinden başga işe geçmegi sebäpli boşadylandygy aýyldy. Ýokary derejeli güýç emeldarlarynyň birnäçesiniň wezipesini ýitirmeginiň hakyky sebäpleri aýdylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy