Türkmenistanda ilkinji gezek Pemberton usuly arkaly hirurgiki operasiýa geçirildi

Türkmenistanda ilkinji gezek Pemberton usuly arkaly hirurgiki operasiýa geçirildi

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Türkmenistanda ilkinji gezek böwregiň çylşyrymly kesellerinde ulanylýan Pemberton usuly arkaly ortopediki operasiýa geçirildi.

Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berlişi ýaly, bu operasiýa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň gözegçiliginde bolan Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy, 5,5 ýaşly çaga Atajan Şöhradowda geçirildi.

Täze usul bir ýyl mundan ozal Mýunhen şäheriniň (Germaniýa) Dritter Orden klinikasynyň lukmany, professor Winsent Frimberger Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp göreninde saglygy goraýyş pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň çäginde özleşdirildi. Saparyň maksady tejribe alyşmak we Pemberton usulyny türkmen hirurglarynyň tejribesine girizmekden ybarat boldy.

Şeýle hem, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Pemberton usuly bilen ortopediki operasiýa geçirmek üçin zerur bolan hirurgiki gurallaryň toplumy sowgat berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti “Arkadag” medaly bilen sylaglanyldy
Daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Arkadag medaly bilen sylaglanyldy
Türkmenistan — Germaniýa: adamlaryň saglygy ugrunda hyzmatdaşlyk
06.09.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: adamlaryň saglygy ugrunda hyzmatdaşlyk
Niderlandlaryň medeniýeti
110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy