Türkmenistanda injilçileriň guramalaryny hasaba almaýarlar

Türkmenistanda injilçileriň alty buthanasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa özleriniň resmi dini gurama hökmünde hasaba alynmagy üçin arza bilen ýüz tutdy.

“Worldwatch Monitor“ neşiriniň 26-njy ýanwarda habar bermegine görä, 2016-njy ýylda dine ynanmak azatlygy hakynda kabul edileninden soň, dini guramalar täzeden hasaba alynmaly edildi. Emma injilçi buthanalar gaýtadan hasaba alynmady.

Buthanalaryň hatlarynda hristian kitap dükanynyň açylmagyna rugsat soralýar we şonuň bilen birlikde özleriniň hususy binalarynyň bolmagyny isleýändikleri hem habar berilýär. Häzir käbir buthana toparlary gizlinlikde kafede duşuşýarlar.

“Biz Injil buthanalaryna ynanýanlar, Türkmenistanyň raýatlary, jemgyýete öz goşandymyzy goşmak isleýäris. Biz öz watandaşlarymyzyň ruhy taýdan terbiýelenmegine gatnaşmak isleýäris. Biz öz ynanjymyzy açyk aňlatmak azatlygyna eýe däldigimize we ony Türkmenistanyň halky bilen paýlaşyp bilmeýändigimize örän gynanýarys” diýip, hatda aýdylýar.

Şeýle-de hatda dini guramalaryň sezewar bolýan çäklendirmelerinden mysallar getirilýär. Olaryň arasynda adamlaryň tussag edilmegi, buthana gulluklary mahalynda geçirilýän reýdler we hatda işden boşatmalar hem bar.

Dini guramalaryň resmi hasaba alynmagy üçin azyndan 50 agzanyň goly gerek we agzalar 18 ýaşdan ýokarda bolmaly; hasaba alynmak baradaky arza döredijiler we guramanyň direktorlar geňeşiniň agzalary gol çekenden soň, 230 manat möçberinde töleg tölenip, soňra degişli edara tabşyrylmaly.

Habar berilmegine görä, olaryň haýyşy göni ret edilmeýär we hasaba almakdan boýun gaçyrylmagynyň sebäbi aýdylmaýar. Emma, registrasiýa prosesi, hamala, berlen arzanyň doly däldigi üçin her edip, hesip edip haýallaşdyrylýar.

Türkmenistanda hasaba alynmadyk dini guramalar öz dini işleri bilen meşgullanyp bilmeýärler. Munuň üçin olara 100-den 1000 manada çenli jerime garaşýar.

Ýatladýarys, Türkmenistanda 2016-njy ýylda “Dine ynanmak we dini guramalar azatlygy hakynda” kanun kabul edildi.

Kanunda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi, din we dine uýmak azatlygynyň kepillendirilýändigi hem-de dini ynanjyna garamazdan ähli adamlaryň deňhukuklygynyň üpjün edilýändigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Balkanda hristian dinini kabul eden türkmenistanlylara garşy reýd geçirildi, onlarça adam tussag edildi