Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek medeni çäreleriň giň gerimli maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek medeni çäreleriň giň gerimli maksatnamasy tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň we dabaralaryň tertibi gözden geçirildi.Bu mesele boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi. Ýetip gelýän aýda ýurdumyzda şanly seneler we dabaraly baýramçylyklar mynasybetli birnäçe medeni, aýdym-sazly hem-de sport çärelerini guramak meýilleşdirilýär.

Olaryň hatarynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bar.Maksatnamada Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany diýen ýylyň şygaryna bagyşlanan çärelere aýratyn orun berler. Şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançasynda akylly şäheriň açylmagynyň 3 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçiriler.

Iýun aýynyň halkara derejeli çäreleriniň çäklerinde Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri, şeýle hem birnäçe halkara maslahatlar, olimpiadalar we sergiler guralar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda bolsa Çalsana, bagşy!bäsleşiginiň hem-de Talyp joşguny 2026 döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyrlary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow meýilleşdirilen ähli çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň dabaralaryň guramaçylyk derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Paýtagtymyzda Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
Çalsana, bagşy! bäsleşiginde ýaş bagşylaryň, sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygyna baha berildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi