Türkmenistanda jemi meýdany 430 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanda jemi meýdany 430 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanda 2024-nji ýylda umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada “Balkan” gazetinde penşenbe güni çap edilen makalada habar berilýär.

Şeýle hem şu ýyl ýurtda 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygy “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda ýerine ýetiriler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak boýynça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar
Türkmenistan we Owganystan Turgundy şäherinde Bilelikdäki logistika merkezini döretmegi meýilleşdirýär
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmatlar merkezlerini açmak maslahatlaşyldy