Türkmenistanda Kataryň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanda Kataryň täze ilçisi işe başlady

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Diplomat türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Kataryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini we pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany geçen ýyl Katar Döwletine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtap, onuň dowamynda Doha şäherinde geçirilen Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany bolandygyny belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyran saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň we geljekki mümkinçilikleriniň ara alyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hem bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň ilçisi özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň möhüm meselelerine degip geçmek bilen, parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşykda ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy pudaklary, saglygy goraýyş hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamlary Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Kasym-Žomart Tokaýew Katara sapar bilen barar
Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Erdogan Al Sani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar