Köp aýallyk Türkmenistanyň kanunlaryna ters gelýän, emma durmuşda köp duş gelýän ýagdaýa öwrüldi. Bir erkek adamyň bir wagtda birnäçe aýally bolmagy, ýagny biri bilen resmi nikada bolup, başgasy ýa-da birnäçesi bilen ýaşaşmagy, çagaly bolmagy gitdigiçe ýaýbaňlanýar we türkmen jemgyýetinde adaty bir ýagdaý ýaly kabul edilýär. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň aýratynlyklaryny, sebäplerini we ýetirýän täsirlerini öwrendi.
Türkmenistanda köp aýallyk bilen bagly ýagdaýy we onuň möçberini ýurt içindäki habarçylarymyzyň maglumatlaryndan, anyk adamlaryň durmuş mysallaryndan we sosial mediadaky diskussiýalardan görse bolýar.
"Türkmenistanda köp aýallyk öňküsinden has köpeldi. Ozal kä wagt biriniň iki aýaly bar diýerdiler. Indi bolsa ikiden biriniň maşgalasy köpeldi, iki aýaly bar diýilýär" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
"Häzir hatda gyzlarynyň pully birine ikinjisi bolup, gaçyp gitmegine razy bolýan hojalyklar bar" diýip, Bakandaky habarçymyz aýdýar.
Lebapdaky habarçymyz köp aýallyk bilen bagy häzirki ýagdaýy türkmenleriň taryhy geçmişi bilen deňeşdirýär.
"Gadymy döwürlerde bir baýyň birnäçe aýaly bolardy, häzirki döwürde hem şeýle boldy.Has tütjar baýlar durmuşa çykmadyk ýaş gyzlary özlerine gelin edip alýarlar. 60 ýaşly baý aga özüne 18 ýaşly ýaňy okuwy gutaran gyzy 5-nji gelini edip aldy. Şeýle adamlaryň birinji aýallary mundan habarly bolýar we öz günlerine kaýyl.
Puly barlar aýallaryna jaý alyp berýär we çaga dogurdýar" diýip, habarçymyz aýdýar.
Bikanun bolsa-da ornaşýarTürkmenistanyň kanunlary köp aýallyga esas bermeýär. Maşgala kodeksi raýatyň diňe bir adam bilen resmi nikada bolmagyny kanunlaşdyrýar.
Birden köp aýally bolýan raýatlar dini nika bilen gatnaşyk gurýar, muňa-da türkmen jemgyýetinde maşgala hökmünde seredilýär. Emma hatda dini nikadan geçmän aýal edinýänler hem bar.
"Biriniň gezýäni, ýagny binika gatnaşykda bolmaga razy bolýanlar hem bar. Olar çäresiz galan gelin-gyzlar" diýip, habarçymyz belleýär.
Türkmenistanda köp aýallygyň ýagdaýy hatda goňşy ýurtlaryň ýaşaýjylaryny hem geň galdyrýar. Sosial mediada peýda bolan maglumatlarynyň birinde gazagystanly syýahatçy zenan Türkmenistana eden saparyndan galan iň uly täsiri ýurtda köp aýallygyň ýaýrandygy we munuň ýerli ýaşaýjylary geň galdyrmaýandygy diýdi.
Öýlenen erkek adamyň başga aýal bilen ýaşamagy, gatnaşyklaryny dini nika bilen düzgünleşdirip, muňa maşgala diýmek tendensiýasy beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem ýaýraýar. Emma Türkmenistandan tapawutlylykda goňşy ýurtlarda jemgyýetde açyk jedel döredýär we giňden diskussiýa edilýär. Hususan-da, Gyrgyzystanda köpaýallygy kanunlaşdyrmak boýunça ençeme ýyl bäri synanyşyklar edilýär.
Synçylylar diňe Türkmenistanda bu problemanyň resmi derejede düýpden boýun alynmaýandygyna ünsi çekýärler.
"Türkmenistan ýapyklygyna galýar.Jemgyýetimizde olar [muny] görmedik, bizem bilmedik ýaly ýagdaý dowam edýär.Bir zady biz bilýäris ilat arasynda köp aýallyk tejribesine çydamlylyk bar.Bu tejribäni sowet döwründe hem doly ýatyryp bolmady, emma şol döwürde bu açyk ýazgarylypdy.
Indi köp aýallyk Türkmenistanyň konstitusiýasyna, halkara borçlaryna, aýallaryň hukuklary, çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýalaryna doly ters gelýän, ýaýran ýagdaý" diýip, "Progres fondunyň" we "Saglyk" programmasynyň ýolbaşçysy Aýnabat Ýaýlymowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Aýnabat Ýaýlymowa türkmen häkimiýetleriniň resmi reaksiýasyny örän seýrek we diňe halkara çykyşlarynda eşidip bolýandygyny belläp, resmileriň halkara platformalaryndaky çykyşlarynyň bir-birine gapma-garşy maglumatlary öz içine alýandygyny belledi.
"2024-nji ýylda BMG-de eden çykyşynda [türkmen delegasiýasynyň] ýolbaşçysy Mähri Bäşimowa 'sen birinji, ikinji, onunjy aýaly bolsaňam, aýalyň borçlary bar' diýdi.Emma hökümet delegasiýasy ýurtda köp aýallyk jenaýat we şeýle ýagdaýlar hasaba alynmady diýip, hasabat berip gelýär we şonda ýene berdi.
Ol şonda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi ýurtda köp aýallyga ýol bermeýär diýdi, Türkmenisatnda diňe ZAGS edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär diýdi" diýip Aýnabat Ýaýlymowa belledi.
Türkmenistandaky habarçylar ýurtda köp aýallyk bikanun bolsa-da, onuň hem häkimiýeler, hem-de jemgyýet üçin syr däldigini aýdýarlar.
"Köp ayally adamlar kim diýlende, olar ilkinji nobatda pully, täsirli adamlar. Telekeçiler, hökümet işinde, ulurak wezipelerde işleýänler. Başlyk adamlaryň ikinji, üçünji maşgalalary bar" diýip, habarçy aýdýar. Onuň bellemegine görä, ýaş gyzlaryň galyňy ep-eli bolýar we hatda ýüzlerçe müň amerikan dollaryna ýetýär.
Köp aýallygyň ýaýramagynyň sebäpleriKöp aýallygyň ýaýramagynyň sebäplerini ilkinji nobatda ykdysady kynçylyklar bilen baglanyşdyrýarlar.
“Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, agyr durmuş köp gyzlary we dul galan gelinleri biriniň 2-nji, ýa-da 3-nji aýaly bolmaga mejbur edýär” diýbip, habarçymyz aýdýar.
Zenanlaryň arasynda biriniň ikinji, üçünji aýaly bolmaga höweslidigini aýdýanlar hem bar.
Käbir zenanlar aýallaryň san taýdan köplügine we erkek adamlaryň az bolmagyna salgylanyp, köp aýallyga maşgala gurmak üçin "çykalga" hökmünde seredýändigini gürrüň berýärler.
“Türkmenistanda aýal-gyzlaryň san taýdan erkeklerden köpdügi göze ilýär. Şu sebäpden hem türkmen gyzlarynyň arasynda 30-35 ýaşa çenli durmuşa çykyp bilmän, soň özlerinden birnäçe ýaş uly erkeklere 2-nji ýa-da 3-nji aýal bolmaga razy bolýanlar bar.
Muňa türkmençilikdäki bolgusuz gepler, ýagny 'adamlar näme diýer' diýen düşünjeler hem sebäp bolýar. '40 ýaşyňa ýetmänkä senem bir çaga bolsa-da dogmaly' diýen düşünjeler köp öňe sürülýär. Şonuň üçin hem biriniň 2-nji aýaly bolsa-da, çaga dogmaly diýen pikire eýerýän aýallar az däl” diýip, türkmenistanly zenan gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürleşen tütkmenistanlylaryň sözlerine görä, başga sebäpler hem bar.
“Kä halatlarda çaga dogup bilmeýän aýallar, özlerine gündeş edinmäge razy bolýarlar we öz ýoldaşlaryna başga aýal edinmäge razylyk berýärler ýa-da razylyk bermäge mejbur edilýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Aýnabat Ýaýlymowa köp aýallygyň ýaýramagynyň ençeme sebäbiniň bardygyny, patriarhal däp-dessurlaryň ýol almagyndan başlap, migrasiýa ýaly şu günki agyr sosial problemalary öz içine alýandygyny belledi.
Ilteşikli problemalarTürkmen häkimiýetleri ýurtdaky sosial-ykdysady problemalaryň ençemesini açyk agzamaýar. Problemalaryň resmi derejede boýun alynmazlygy ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna getirýär.
Ilatyň zähmet migrasiýasy bir tarapdan ilatyň ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryny görkezýän bolsa, başga bir tarapdan köp aýallyk ýaly ýagdaýlara öz täsirini ýetirýär.
"Daşary ýurda işlemäge gidip, maşgalasyny bärde goýup gidýänleriň arasynda birnäçe wagtdan soň işleýän ýerinde ýene özlerine ikinji maşgala edinýänler bar. Ýene bir ýagdaý, maşgaladan biri uly bergä girýär, prosent alýar ýa-da bankdan pul alyp, iş gözleginde daşary ýurda çykýar we soň iş tapyp bilmän, ýa-da neşä we dürli kynçylyklara uçrap, maşgalasyna pul ugratmaýar" diýip, aşgabatly habarçymyz aýdýar we işçi migrantlaryň yzynda galan maşgalalaryň öz iýmitine, agyz suwuna pul tapman, bergide galan aýaly iş, ýa-da başga bir çykalga gözlemäge mejbur edýär.
Töwekgelçilik döredýärTürkmenistanda resmi nikasy bolmadyk maşgalalaryň köpelmegi we muňa häkimiýetler tarapyndan açyk reaksiýa görkezilmezligi dürli töwekgelçilikleri döredýär.
“Dini nika gyýmak elbetde çagalaryň we aýallaryň hukugyny goramaýar. Hatda kanuny ýazgy bilen gurlan maşgalalar aýrylyşanda hem aliment alyp bilmän kösenýänler köp, dini nika bolsa näme edip bilsin” diýip, habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, köp aýallyk çagalara dürli kynçylyklary döredýär.
“Çagalaryň durmuşy agry.Meniň bir tanyşym dostum bar ol birinji aýalyny söýmän alandygyny bahana edip, 2 çagaly aýalynyň üstine ýaş gyza öýlendi.Birinji aýalynyň we çagalarynyň halyndan habar almaýar, wagt tapsa aýda bir sapar habarlaşýar. Şol iki çagasy dädesi gelip pul ýada azyk getirmese aç oturýarlar. Çagalar 5 we 9 ýaşly, aýaly hem öz garyndaşlaryndan bolany üçin ojagyny saklap otyr.
Kanuny nikasy bar, aýrylyşyp bilenok.Erkek häzir öz ene-atasyndan gorkup, aýrylyşmakdan saklanýar.Emma ene atasy gartaşan adamlar, olar dünýäsini täzeläýse gelniň we iki çaganyň köçä kowuljagy anyk” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.