Türkmenistanda “Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar” üçin gurluşyk kadalary tassyklanyldy

Türkmenistanda “Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar” üçin gurluşyk kadalary tassyklanyldy

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 42-iş belgili buýrugy bilen "Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar” atly we TGK 2.08.14-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary tassyklanyldy. Tassyklanylan bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

Bu Kadalarda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryň (mundan beýläk ýaşaýyş jaýlar) ulanyş häsiýetnamalaryna, olaryň gurnawçylyk ulgamlaryna we ulanylýan gurluşyk materiallaryna garamazdan hökmany, şol sanda howpsuzlyk kadalaşdyryjy talaplaryň toplumy bellenilýär.

Bu talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýaşaýyş jaýlaryň taslama resminamalaryny işläp düzmek işini amala aşyrýan pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiligiň görnüşlerine hem-de maliýeleşdirilişine garamazdan ähli fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolup durýar.

Tassyklanylan resminama laýyklykda, şu kadalar üç gatdan ýokary bolmadyk (mansard we sokol gatlary bilen) bir öýli we gapdal diwarlary degişdirilip täze gurulýan hem-de durky täzelenilýän ýaşaýyş jaýlar üçin degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär
Türkmenistanda Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlar üçin gurluşyk kadalary tassyklanyldy
Maryda polisiýa işgärleri üçin gurlan kottej jaýlary ulanmaga berildi
Awaza — ylham joşgunyň mekany
08.08.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy
23.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy we Sport ulag merkezine bardy