Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi

Türkmenistanyň ähli saýlaw uçastoklarynda giň bäsdeşlik esasynda ýekşenbe güni Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna bolsa dalaşgärleriň 12 müň 98-si hem-de syýasy partiýalar we raýatlar toparlary tarapyndan Mejlisiň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň 258-si hasaba alyndy.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde 312, Ahal welaýatynda 365, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 536, Lebap welaýatynda 567, Mary welaýatynda 550 saýlaw uçastogy döredildi.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ses bermäge gatnaşmak üçin 3 million 496 müň 304 saýlawçy bellige alyndy. Uçastok saýlaw toparlary tarapyndan welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna 3 million 483 müň 397 saýlawçy, Geňeşleriň agzalygyna saýlawlar boýunça saýlawçylaryň 2 million 566 müň 82-si bellige alyndy.

Saýlaw çäreleriniň barşyna monitoringi ähli saýlaw uçastoklaryna baryp gören halkara we milli synçylar amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda BMG-den, GDA-dan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylar, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň bilermenleri bar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, Saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 91,12 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 91,10 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna bolsa 91,20 göterimi gatnaşdy.

Saýlaw kodeksiniň kadalaryna laýyklykda, ses bermegiň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Polisiýa Türkmenistanyň şübheli’ adamlaryna telefon etmäge başlady
Ýuridiki konsultasiýalar. Polisiýa işgäri pasportyňy alyp bilýärmi? Aşgbatda propiskasyz ýaşamak mümkinmi?
Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna syn. Sentýabr 2017. AHTI-niň hasabaty
20.03.2018 | GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär
24.03.2018 | 25-nji martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler