Türkmenistanda milli habar alyş-çalyş hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Türkmenistanda milli habar alyş-çalyş hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Türkmenistanda döredilen elektron habar alyş-çalyş hyzmatlary ýurtda ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanyp başlady diýip, Türkmenaragatnaşyk agentliginde Turkmenportala gürrüň berdiler.

Hususan-da, tekst habarlaryny, suratlary, wideolary we beýleki faýllary çalt alyşmak üçin Start messenjeri häzirki wagtda 350 müňden gowrak adam tarapyndan ulanylýar. Hyzmat Google Play we App store dükanlarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ykjam programma ses we wideo jaňlary üçin hem ulanylyp bilner.

Şeýle hem türkmenistanly ulanyjylar Sanly.tm portalynda täzeliklere, howa maglumatlaryna we güýmenje mazmunyna girmegi üpjün edýän 45 müňden gowrak elektron poçta gutusyny döretdiler.

Milli hyzmatlar örän sada we ulanyşy aňsat, olar Türkmenistanyň raýatlarynyň zerurlyklary göz öňünde tutulyp işlenip düzüldi. Geçirilen maglumatlaryň howpsuzlygyna örän uly üns berilýär ygtybarly maglumat geçiriş protokollary we kriptografiýa ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Amazon, eBay onlaýn söwdasy açyldy diýilse-de, täze hyzmat ilaty dollaryň gara bazar nyrhyna direýär
Azerbaýjan we Türkmenistan birnäçe ugurda, şol sanda energetika babatynda ylalaşyklara gol goýdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Aşgabatda Gallery&Café by Durdy Bayramov atly ilkinji kafe-galereýasy açyldy
Regus: islendik görnüşli işewürlik üçin ofis çözgütleri
Türkmenistanyň ylym ulgamynyň işgärlerinden ybarat wekiliýeti Baku şäherine iş saparyny amala aşyrdy