Türkmenistanda milli senenama boýunça uly çille başlanýar

Türkmenistanda milli senenama boýunça uly çille başlanýar

Türkmenistada köp ýyllaryň dowamynda ýöredilip gelinýän milli senenama boýunça 7-nji dekabrda garagyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bu barada şeýle diýilýär:

Çille — bu pars dilindäki çil sözi bilen baglanyşykly bolup, ol kyrk diýen manyny aňladýar. Şondan bolsa gerek, uly çille hem kyrk gün dowam edýär we ol gyşyň örküji hasaplanýar.

Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli bolan döwri alyp görseň, aýazly, sowuk günleriň hut şu döwürde köp bolýandygy äşgärdir. Ýöne käte bu döwürde maýyl günler hem köp bolýar.

Gyş paslynyň şeýle täsinliklerini ylym hem yzygiderli öwrenýär.Gyş döwründe Ýeriň hereket edýän tekizliginiň asman ekwatoryna 23 gradus — 26 gradus ýapgytlygy zerarly Günüň şöhlesiniň düşýän gytaklygy 46 gradus — 52 gradus üýtgeýär. Şol sebäpli pasyllaryň çalyşmasy ýüze çykýar.

Gyş paslynda Ýeriň Güne tomusky ýagdaýyndan 5 million kilometr golaýlaşýandygyna garamazdan, Günüň gytak we gysga şöhlesi gündizlerine Ýeriň üstüni gyzdyryp ýetişmeýär. Şonuň netijesinde hem gyş pasly emele gelýär.

Howanyň gyşda-da güneşli bolmagy her näçe gowy bolsa-da, ata-babalarymyz bu paslyň aşa maýyl gelmegini-de halamandyrlar. Olar Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýaz bolmaz diýmek bilen, gyşyň aýazly, sowuk günleriniň peýdasynyň bardygyny-da ünsden düşürmändirler. Aýazly günlerde birnäçe zyýanly mör-möjekleriň gyrylýandygy hemmä belli hakykat. Hut şonuň üçin-de, halkymyz ýagyşdyr garyň topraga näderejede zerurdygyny hem ýatladypdyrlar.

Ýene degişli makalalar

Gymmatbaha dabaralar, kynçylyklar ilaty özgerişlige taýýarlaýar - synçy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Adalatçynyň diwanynda aýal-gyzlaryň we çagalaryň hukuklary boýunça täze bölüm açyldy
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
'Salam, Dogan': Türkmen jemgyýetinde çaga näme üçin zor görkezilýär