Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär

Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär

Türkmenistanda mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli, çarşenbe güni Oraza baýramy bellenilýär. Bu baýram mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat şäherinde Baýram namazy okaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan gadymy baýramlaryň biri bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

“Mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gadymy Änew şäherinde Seýit Jemaleddiniň adyny göterýän metjit, şeýle hem mukaddes Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberilen Gadyr gijesine gabatlanyp, Hazar, Ruhubelent, Döwletli, Şatlyk şäherçelerinde täze metjitler açylyp ulanmaga berildi” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.

“Oraza aýynda we Gadyr gijesinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, beren sadakalaryňyz, okan aýatlaryňyz, Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna eden doga-dilegleriňiz Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda aýtdy.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny ugratdylar.

Oraza baýramy tutuş dünýädäki ähli musulmanlar tarapyndan bellenilýär we ol Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanandygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Remezan diýerler aýyň ýagşysyn
Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Oraza baýramy mynasybetli gutlag iberdi
Türkmenistanyň Müftüligi 2024-nji ýylyň Oraza aýynda agyz beklenilýän we açylýan wagtlaryň tertibini çap etdi
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy
Zyýat Hil konditer dükanlary Gadyr gijesi üçin sargytlary kabul edýär