Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşy her gije-gündizde 300 000 barrele ýetiriler

Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşy her gije-gündizde 300 000 barrele ýetiriler

Dubaýda ýerleşýän Dragon Oil Holdings Yrakda we Türkmenistanda alyp barýan işleriniň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen nebit önümçiligini günde 120 000 barrele çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Al-Jarwanyň sözlerine salgylanyp, Zawya işewürlik neşiri habar berdi.

BAE-niň milli nebit kompaniýasynyň (ENOC) doly eýeçilikdäki Dragon Oil häzirki wagtda daşary ýurtlarda her gije-gündizde 180 000 barrel öndürýän bolsa, ol 2026-njy ýylda önümçiligi 300 000-e ýetirmegi meýilleşdirýär. Al-Jarwanyň bellemegine görä, önümçiligiň artmagy käbir ýurtlarda, esasanam Türkmenistanda, Müsürde we Yrakda alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňelder.

Dragon Oil — uly taryhy we Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada we Hazar sebitinde iş tejribesi bolan halkara nebit kompaniýasydyr. 2000-nji ýyldan bäri Dragon Oil Türkmenistandaky Çeleken şertnama çäginde işlerini üstünlikli alyp barýar. Çelekendäki şertnama uçastogy iki sany nebiti gazyp çykarýan Jeýtun we Jygalybeg ýataklaryny öz içine alýar, olar 10 metrden 30 metre çenli çuňlukda ýerleşendir.

Ýene degişli makalalar

“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
"Dragon Oil" Türkmenistandaky işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirýär
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
Dragon Oil Türkmenistandaky taslamalara uly möçberde maýa goýmagy meýilleşdirýär
Hytaý kompaniýasy Hazar şäherçesindäki deňiz portunyň ukybyny artdyrmaga ýardam edýär
Dragon oil 9 sany täze boş iş orunlaryny açdy