Türkmenistanda öýsüz janawerleriň ilkinji merkezi hasaba alyndy

Türkmenistanda öýsüz it-pişiklere hemaýat edýän ilkinji merkez resmi hasaba alyndy diýip, РИА Новости “Oriýent” saýtyna salgylanyp habar berýär.

Öýsüz janawerlere eýe çykýan merkez “Umyt adasy” diýlip atlandyrylýar we oňa kinologiýa profilinden hususy kärhana açmaga patent berildi, ýuridiki adres bellige alyndy we bank hasaby açyldy.

Türkmenistan üçin täze işiň inisiatory we “Umyt adasy” merkeziniň ýolbaşçysy Aşgabadyň etegindäki daça şäherçesiniň ýaşaýjysy Tatýana Golberg, häzir onuň daçasyndan 100-den gowrak it, 50 töweregi pişik saklanýar. Bu janawerleriň hemmesi köçeden toplanypdyr. Tatýana bu işde adamsy nikolaý we gyzlary Irina, Katýa dagy kömek berýär.

Merkeze Aşgabadyň eteginde it-pişikleri saklar ýaly desga gurmak üçin ýer uçastogy hem bölünip berildi.

Ýene degişli makalalar

Harabalyklardan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär
Harabalyklardan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär
Habaralyklaryň Aşagyndan Umytlandyran Habarlar Gelmäge Dowam Edýär
BMG-Habitatyň wekiliýeti Arkadag şäheri bilen tanyşdy
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
Pekin 2008-den bäri çempion bolup gelýär, yzly-yzyna 4-nji altyn medaly