Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler

Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti sişenbe güni habar berdi.

Bu resminama türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklaryny gorap saklamak maksady bilen kabul edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Oraza baýramynyň bellenilýän güni 10-njy aprel iş güni däl diýip yglan edildi.

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar şu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Oraza baýramy tutuş dünýädäki ähli musulmanlar tarapyndan bellenilýär we ol Mukaddes Remezan aýynyň tamamlanandygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde mukaddes Gurhan sergisi guraldy
Mukaddes aýyň sogaply çäresi
Balkanda sakgal goýberýänlere, hijab dakynýanlara garşy basyşlar güýçlendirildi
Aşgabadyň metjitlerinde baýram namazyny okamaga müňlerçe adam gatnaşdy, metjitlere we köçelere güýç gulluklarynyň ýüzlerçesi ýerleşdirildi
Balkanda ýaşy 60 ýetmedik býujetçilere, kanun goraýjylara we çagalara metjitlere namaza barmak gadagan edildi