Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi

Şu gün Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen, ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda ak kerwen dabaralary geçirilip, hormatly ýaşulularyň Bismilla etmeginde pagta ýygymyna başlanyldy.

Pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli dabaraly çäreler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerinde guralan geňeş maslahatlary bilen başlandy.

Pagta ýygymyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Üzümli toprak daýhan hojalygynyň, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Arkaç, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Watan, şeýle-de Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Watan daýhan birleşikleriniň ak altynly ýerlerinde badalga berildi.

Pagta hasylynyň ilkinji tonnalary ýüklenen awtoulag kerwenleri Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 40 müň tonna tohumlyk pagta çigidini gaýtadan işleýän Altyn asyr pagta arassalaýjy kärhanasynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky pagta arassalaýjy kärhanada, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynda, şeýle-de Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky ýylda 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen pagta arassalaýjy kärhanada dabaraly çäreler bilen kabul edildi. Şeýle-de bu kärhanalarda döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjiler bolup üstünlikli ýerine ýetiren pagtaçy daýhanlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişilmegi, asylly däbe görä, giň gerimli medeni çäreler, şol sanda sergiler, aýdym-sazly çykyşlar bilen has-da dabaralandyryldy.

Belläp geçsek, 2023-nji ýylda Türkmenistanda 580 müň gektar ýere pagta ekildi hem-de 1,2 million tonnadan gowrak hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär.

Pagta ýygymy möwsüminde ýurt boýunça 1600 kombaýn, ýygnalan hasyly daşamak üçin ulaglaryň 7800-si ulanylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda, howa şertleri bilen baglylykda, pagta ýygymyna 15-nji sentýabrda girişiler.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar
Türkmenistanda üzümiň täze sortlarynyň ikisi döredildi
Türkiýäniň Üzüm eksporty 36 Göterim Artdy
Türkmenistanda bugdaý ekişine badalga berildi