Türkmenistanda pasport nobaty birinji gezek tas iki ýyla uzady

Türkmenistanda pasport nobaty birinji gezek tas iki ýyla uzady

Türkmenistanda biometriki pasporty almagyň nobatlary tas iki ýyla uzady. Daşary ýurtlara syýahat etmek üçin zerur dokumenti almak üçin raýatlar şu günler 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň nobatyna ýazylyp bilýärler. Şol bir wagtda-da, pasporty para berip, has gysga wagtda taýýarlatmak mümkinçiligi hem saklanýar.

Mary welaýatynyň Migrasiýa gulluklarynda daşary ýurtlara syýahat etmek üçin niýetlenen daşary ýurt pasportlarynyň nobaty indiki 2025 ýylyň dekabr aýyna çenli ýetdi.

"Zagran pasport berýän migrasiýa gullugynyň gapysy adamdan doly. Adamlaryň arsynda käbir halatlarda gykylyk we dawa bolýar" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy 4-nji martda habar berdi.

Iki hepde mundan ozal ýurtda pasport nobatlaryna 2025-nji ýylyň başyna ýazgy edilýärdi. Biometriki pasport almak üçin nobata ýazylýan adamlara indiki ýylyň ýanwar aýyna žeton berilýändigini Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli migrasiýa işgärlerine salgylanyp, 15-nji fewralda maglumat beripdi.

Şeýle-de şonda resmileriň Türkmenistanyň raýatynyň ýurtdan çykmak we ýurda girmek üçin daşary ýurt pasportyny bermegiň tertibine goşmaça resmi däl çäklendirme girizendigi belli bolupdy. Biri-birinden garaşsyz iki çeşme mundan beýläk daşary ýurt pasportyna ýüz tutýan erkek raýatlaryň 25 ýaşyny, aýal raýatlaryň 30 ýaşyny dolduran bolmalydygyny aýdypdy.

Türkmenistan öz raýatlaryna daşary ýurtlara syýahat etmek üçin niýetlenen biometriki pasporty diňe ýurduň içinde berýär. Bu ýagdaýda nobata durup, garaşmak ýeke-täk kanuny mümkinçilik bolýar. Emma habarçylaryň sözlerine görä, para bermek usuly pasport edinmek üçin belli bir mümkinçilik döredýär.

"Talon nobatyny öňe süýşürtmek üçin paranyň ýörite bahasy bar. 2000 manada indiki ýylyn başyna nobata ýazyp berýärler. Şu ýylyň noýabr aýyna ýazylmak üçin 3000 manat para bermeli.Bu nyrhlar diňe nobatyňy öňe süýşürip, has irki wagta talon almak üçin.

Eger-de, zagran pasporty iki aýyň dowamynda aljak bolsaň 1000 amerikan dollaryna barabar nyrh agzalýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme anonim şertde gürrüň berdi.

Bir müň amerikan dollary ýurtdaky aýlyklar we ilat köpçüliginiň durmuş derejesi nukdaý nazaryndan aşa ýokary. Emma Türkmenistandaky habarçylaryň we çeşmeleriň sözlerine görä, pasport edinmek üçin soralýan parany bermäge kaýyl adam köp, käbirler soňky puluny para sarp edýär.

"Adamlar daşary ýurtlarda işlemek üçin ähli emlägini satyp, ýurtdan çykýar. Soňra ýurduň içinde eden çykdajysyny ýapmak üçin bir ýyl işlemeli bolýar" diýip, para berip, pasport alan türkmenistanly gürrüň berýär.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar pasport almakdaky kynçylyklaryň daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän türkmen raýatlarynyň ýurduna dolanmakdan saklanmagyna sebäp bolýandygyna ünsi çekýärler.

"Adamlar ýurda giriş-çykyş etmäge gorkýarlar, sebäbi soň ýene-de ýurtdan çykmak üçin migrasiýa işgärlerine pul bermeli bolýarlar. Daşary ýurtlardaky türkmenleriň arasynda gaçgak bolup agyr güne düşen adamlar kän, olar deport edilmek töwekgelçiligi astynda işleýärler. Deport edilýänler hem kän, emma Türkmenistandan çykýanlar hem kän" diýip, daşary ýurtda işleýän türkmenistanly gürrüň berdi.

Türkmenistandaky çeşmeler soňky döwürde ýurdy terk edýänleriň has-da köpelendigini aýdýarlar. Hatda döwlet edara-kärhanalarynda işleýänleriň arasynda hem işden çykyp daşary ýurtlara gazanç etmek üçin gidýänler köpelýär. Işini taşlap, daşary ýurtlarda agyr işi saýlap alýan türkmenistanlylaryň arasynda mugallymlar, lukmanlar, polisiýa işgärleri we hatda harbylar hem köp duş gelýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyklarynda biometriki pasport berilmeýär. Şeýlelikde daşary ýurtlarda wagtlaýyn ýaşaýan raýatlar, şol sanda daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan studentlere Türkmenistana barmak dokument almak üçin ýeke-täk çykalga bolýar. Bu aralykda biometriki pasport üçin tabşyrylýan arzalarda daşary ýurtda bilim alýan türkmen studentleri köp.

Türkmenistanyň raýatlary barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar we köpçülikleýin işsizlik zerarly ýurduň daşyna gitmäge synanyşýarka, bu ýagdaýy resmi derejede agzamaýan hökümet ilatyň syýahat etmek mümkinçiligini çäklendirýän dürli päsgelçilikleri döredýär.

2023-nji ýylyň dowamynda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan raýatlara daşary ýurt pasportynyň berilmezligine degişi ýagdaýlar köpeldi. Şeýle-de, üç nesilde garyndaşlarynyň arasynda jenaýata çekilenleriň ýokdugyny tassyklaýan “uç arka” resminamasyny berip bilmedik raýatlara daşary ýurt pasportlaryny bermekden ýüz öwrüldi, raýatlaryň SSSR döwründe berlen dogluş hakyndaky şahadatnamalary esasynda pasport berilmegi hem inkär edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýänler hilegärleriň duzagyna düşýär
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Ronaldunyň Al-Nasrdan aýrylmagy mümkin
“Real Madrid” 33 ýaşyndaky hüjümçini transfer etdi
Türkiýe bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendirdi. Alty türkmenistanly saklandy, başga-da ençemesi deport edildi