Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär

Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Pensiýa gaznasynyň işini kämilleşdirmek, raýatlara hödürlenilýän ugurdaş sanly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda degişli işler geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça dürli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, degişli kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny berkitmek boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň Pensiýa gaznasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etmegiň, bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge, onuň mümkinçiliginden doly peýdalanmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer H.Geldimyradowa Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Zibil çelekleriniň ýanyndaky paçaklar ýaşuly ýakalaşygyna sebäp bolýar’
Ahalda hem tok üpjünçiliginde bökdençlikler saklanýar, hem-de bergili hojalyklaryň togy kesilýär
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Diňle: Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Türkmen pensionerlerine apreliň puly berilmedi, olardan diriligini subut etmek talap edildi
Ekspertiň pikiri: Türkmen ykdysadyýetiniň "diagnozyny" bejerip bolarmy?