
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
Mejlise Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň işiniň barşynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi doly goldaýandygyny aýdyp, ýönekeý bolmadyk netijä gelendigi we özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi.
Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär.