Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäginde sişenbe güni Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Dabara Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso we Halkara Söwda Merkeziniň Söwdany goldamak we işewürlik syýasaty bölüminiň başlygy Muhammed Said gatnaşdylar.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portaly import, eksport we üstaşyr amallary üçin zerur bolan 250-den gowrak görnüşli nusgalary we resminamalary (ygtyýarnamalar, rugsatlar we şahadatnamalar) öz içine alýan onlaýn platforma bolup durýar.
Portalyň Türkmenistanda işe girizilmegi bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) aç-açan serhetüsti söwda amallaryna girmäge ygtyýar aldylar.
Habarda bellenilişi ýaly, sanly söwda platformasy Halkara Söwda Merkezi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) goldamagynda we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda “Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasynyň çäginde işlenip düzüldi.
Bu onlaýn platforma dünýäniň 30-a golaý döwletinde peýdalanylýar. Bu platforma BSG-nyň Söwda ýeňilleşdiriş şertnamasynyň 1.2-nji maddasynyň we söwdany ýeňilleşdirmegiň esasy maksadynyň berjaý edilmegine ýardam berýär.
Website: infotrade.gov.tm