Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

13-nji aprelden 19-njy aprel aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan bulutly we şemally howa bolup, güneşli günleri ýagyşly howa çalşyp durar.Howanyň temperaturasy +17 gradusdan +30 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagmagy mümkin.Howanyň temperaturasy gündizlerine +17...+19 gradusdan +23...+25 gradusa çenli, gijelerine bolsa +8...+10 gradusdan +15...+17 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15...+20 gradusdan +25...+30 gradusa çenli, gijelerine bolsa +7...+12 gradusdan +13...+18 gradusa çenli maýyl bolar.Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +21...+26 gradus, gijelerine bolsa +7...+12 gradusdan +11...+16 gradusa çenli maýyl bolar.

Käbir ýerlerde ýagyş ýagar.Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +17...+22 gradusdan +27...+32 gradusa çenli, gijelerine bolsa +8...+13 gradusdan +11...+16 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15...+20 gradusdan +27...+32 gradusa çenli, gijelerine bolsa +6...+11 gradusdan +12...+17 gradusa çenli maýyl bolar.Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +13...+18 gradusdan +25...+30 gradusa çenli, gijelerine bolsa +6...+11 gradusdan +12...+17 gradusa çenli maýyl bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýagyşly we yssy howanyň bolmagyna garaşylýar
Türkmenistanda galla oragyna badalga beriljek seneler kesgitlendi
Türkmenistanda maý aýy yssy howa we käbir ýerlerde ýagşyň ýagmagy bilen tamamlanar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Balkanly daýhanlar bişmedik bugdaýy ýygnamaga, oragy resmi senesinden öň tamamlamaga mejbur edilýär
Jemgyýetiň ösüşinde ýaşuly nesliň durmuş tejribesini goldanyp