Türkmenistanda tebigy gaz önümçiligini artdyrmak üçin karz bölünip berler

Türkmenistanda tebigy gaz önümçiligini artdyrmak üçin karz bölünip berler

Ýurdumyzda tebigy gaz önümçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri maliýeleşdirmek maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 243 million 530 müň manat möçberinde döwlet karz serişdesi bölünip berler.

Karz serişdelerini bölüp bermek baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky “Türkmengaz” döwlet konsernine jemi 159 million 530 müň 900 manat möçberinde we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna 75 million manat möçberde karz serişdelerini bölüp berer.

Döwlet Baştutanymyz karz serişdeleriniň ykdysadyýetimizi kuwwatyny artdyrmak üçin gönükdirilmeginiň döwletimiziň maliýe taýdan kuwwatlydygyny aýdyň görkezýändigini belledi we bu asylly çäräniň ýurdumyza bähbit getirjekdigine ynam bildirdi.

Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitli we gazly täze ýataklary köpeltmegiň hem-de özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynda öňde goýlan wezipeleriň ýakyn ýyllarda üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanda täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň möçberi 126 milliard kubmetr artdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Bank hasaplarynyň baglanmagy, 'kölege karz bazary' raýatlary uly töwekgelçiliklere itekleýär
Bank ulgamyndaky korrupsiýa 'maliýe batgalygyna' öwrülip, mätäç adamlary 'özüne çekýär'
https://www.cbt.tm/tm/news/2026/1_8.html
Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky kärendeçilere ýörite kiçi göwrümli karzlary berýär
Türkmenistan 3 sany gämi gurmak üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy we Yslam ösüş banky bilen yalalaşyk baglaşar
Döwlet daşary ykdysady iş banky 3 sany gämini gurmak boýunça ylalaşyklary baglaşar