Türkmenistanda tennis boýunça Ashgabat Open 2024 halkara bäsleşigi başlady

Türkmenistanda tennis boýunça Ashgabat Open 2024 halkara bäsleşigi başlady

Türkmenistanyň paýtagtynda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilýän Ashgabat Open 2024 halkara tennis bäsleşigi başlady. Ýaryşyň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň çäginde geçirildi. Bäsleşige dürli ýurtlardan gelen ýaş zehinler gatnaşýarlar.

Bu halkara bäsleşigi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan guralýar. Sport böleginden daşary ýaryşa gatnaşyjylar üçin muzeýlere, haýwanat bagyna, sirke we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmegi öz içine alýan baý medeni maksatnama taýýarlandy.

Ashgabat Open 2024 halkara tennis bäsleşiginiň jemleýji oýunlary we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 16-njy noýabrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Aşgabatda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryş geçiriler
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşy badalga aldy
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen tennisçileri Güseýnowa we Kakabaýewa Ashgabat Open ýaryşynyň jübüt görnüşinde ýeňiş gazandylar