Türkmenistanda tennis boýunça milli çempionat geçiriler

Türkmenistanda tennis boýunça milli çempionat geçiriler

23-27-nji noýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň kortlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, erkekleriň arasynda, şeýle hem aýallaryň arasynda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu barada "Нейтральный Туркменистан" gazeti habar berýär.

Bäsleşigiň netijeleriniň esasynda 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deýwisiň kubogyna (dördünji bölüm) gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň deslapky düzümi kesgitleniler.Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri Halkara tennis federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn gepleşikleri geçirýärler.

Olaryň dowamynda Deýwisiň kubogy ýaryşynyň guramaçylyk taraplary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle wirtual duşuşyklaryň biri ýakynda ITF-iň başlygy Deýwid Haggerti bilen geçirildi.Onuň dowamynda Aşgabatda geçiriljek uly halkara ýaryşdan başga-da, türkmen paýtagtynda ITF-iň Merkezi Aziýa sebit dolandyryş merkezini açmak barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Baş sekretary Eziz Döwletowyň "Нейтральный Туркменистан" gazetine beren interwýusynda aýdylyşy ýaly, bu wekilçilikli sport guramasynyň wezipelerine sebitdäki ýurtlarda bu Olimpiýa sportunyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjak statistiki, seljeriş we marketing gözlegleri girer.

Häzirki wagtda bu mesele boýunça indiki onlaýn ýygnagyň geçiriljek güni ylalaşylýar we bu çekişmä Aziýanyň tennis federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Boeing kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider
Amerika Hytaý üçin iň uly howp
Zombiler baradaky täze filmiň görkeziljek wagt mälim edildi
Griffiths: Amerika Ansarolla garşy çykaran kararyndan ýüz öwürmeli
ESPN neşiri 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanyny yglan etdi
Baýden özüniň täze wezipedäki ilkinji işi hökmünde koronawirusa garşy göreş toparyny döretdi