turkmenistan.gov.tm-nyň bezegi
Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtoulag magistralyny “Polimeks Insaat Taahhut we Sanayi Ticaret A.S.” kompaniýasy gurar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, tutuş ýol ýokary derejeli dünýä ölçeglerini nazarda tutmak bilen gurlar. Nagt pul tölemek, şeýle-de bank kartlary esasynda töleg tölemek bilen, bu ýoldan sagatda 130 km tizliginde ýol aşyp bolar. Häzirki pursatda ýol ulanmagyň töleginiň möçberleri aýdylmaýar.
Awtobanyň ugrunda Gökdepe, Arçman kurorty, Serdar, Bereket, Balkanabat şäherleri, Belek we Ýaňaja şäherleriniň gabadynda 9 sany ýol sowgutlary gurlar.
Türkmenistanyň Awtoulag transporty ministrliginiň wekiliniň habar bermegine görä, Aşgabat-Türkmenbaşy awtobany 2020-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga berler.
