Türkmenistanda üzümiň täze sortlarynyň ikisi döredildi

Türkmenistanda üzümiň täze sortlarynyň ikisi döredildi

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk instituty tarapyndan üzümiň täze sortlary döredildi. Terligine iýmek üçin niýetlenilen täze sortly üzümler Kärizek hem-de Diýar diýlip atlandyrylýar.

Täze sortly üzümler yzygiderli geçirilen seçgi işleriniň netijesinde ýokary hasyllylygy, miwesiniň harytlyk hili boýunça aýratyn tapawutlanandygy hem-de kesellere we zyýankeşlere durnuklydygy hasaba alnyp saýlanyldy.

Olardan Kärizek sorty Parahat we Jenjel atly gara sortlary gibridleşdirmek usulynda çaknyşdyrylyp alyndy. 46 MJ seçgi belgili sortuň güli iki jynsly bolup, miwesi goýy gara reňkli. Bary-ýogy 2-3 dänesi bolan miwesi iýmäge juda ýakymly.

Üzümiň bu görnüşi gektar başyna 250 ― 300 sentnere çenli hasyl bermäge ukyplydyr. Ol awgust aýynyň ahyrynda, sentýabr aýynyň başynda doly bişip ýetişýär.

Üzümiň Diýar diýlip atlandyrylýan sorty hem Parahat we Jenjel gara sortlarynyň birleşmesinden emele gelýär. Terligine iýmäge niýetlenilen sortdan her ýylda 350 ― 400 sentner hasyl alyp bolar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow kärizek üzüminiň täze hasylyny ýygnamaga badalga berdi
29.05.2018 | Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
Türkmen bedewleriniň dünýädäki şöhraty belende göterilýär
17.02.2019 | Hormatly Prezidentimiziň bedewi — Galkynyş toparyna sowgat
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisinde eden çykyşy