Türkmenistanda wise-premýer täzelendi

Türkmenistanda wise-premýer täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda täze Ministrler Kabinetiniň orunbasarlaryny belledi.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary Muhammetguly Muhammedow başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz Hojamyrat Geldimyradowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Sapardurdy Toýlyýewi wezipesinden boşatdy.

Şeýlelikde, Serdar Berdimuhamedow Nurmuhammet Amannepesowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatdy.

Atageldi Kakadurdyýewiç Germanow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine bellenilip, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Mejlisde şu ýylyň geçen alty aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY