Türkmenistanda ýanwar aýynyň medeni maksatnamasynda nähili çäreler göz öňünde tutulýar?

Türkmenistanda ýanwar aýynyň medeni maksatnamasynda nähili çäreler göz öňünde tutulýar?

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy hem-de 2022-nji ýylda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlary, tegelek stol maslahatlaryny, döredijilik duşuşyklaryny we sergileri, onlaýn maslahatlary, aýdym-sazly dabaralary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 1-nji ýanwarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem aýyň ilkinji on gününde Älem medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlardaky Türkmeniň ak öýi binalarynyň öňündäki meýdançalarda Täze ýyl baýramçylyk çäreleri geçiriler.

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy bolar. Watan goragçylarynyň güni Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda dabaraly çäre hem-de Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly konsert bilen belleniler.

Türkmen Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň türkmen halkynyň milli sungatyny, baý mirasyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmelidigini nygtap, wise-premýere Täze ýyl dabaralaryny degişli derejede guramak we olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti Döwletliler köşgüniň çagalaryna Täze ýyl sowgatlaryny iberdi
Döwletliler köşgüniň çagalaryna Prezidentiň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy