Türkmenistanda ýaşlaryň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmegine rugsat berilýär

Türkmenistanda ýaşlaryň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmegine rugsat berilýär

Türkmenistanda orta mekdebi tamamlan oglanlar ýokary okuwa synanyşmak şerti bilen, harby gulluga çagyryş möhletini bir ýyl yza süýşürip bilerler. Bu mümkinçilik Türkmenistanyň "Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky" kanunyna girizilen goşmaçalarda kepillendirilýär.

Bu waka türkmen ýaşlarynyň orta mekdepleriň gutardyş synaglaryndan soň, dessine goşun gullugyna alnyp gidilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň yzygiderli çap eden maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Goşmaçalara laýyklykda, kanunyň "Raýatlary harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek" baradaky 19-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinden soň aşakdaky bent goşuldy.

"Umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere" harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge mümkinçilik berilýär.

Bu goşmaça, ýaňy orta mekdebi tamamlan, uniwersitete ýa-da orta hünär okuw mekdeplerine girmek isleýän ýaşlara degişlidir.

Kanunyň täze görnüşi 30-njy noýabrda ýurduň metbugat serişdelerinde çap edildi we şol günden başlap güýje girdi.

Azatlyk daşary ýurtlardan dolanan ýaşlaryň aeroportdan we orta mekdeplerde hem-de ýokary okuw jaýlarda gutardyş synaglaryny tabşyran okuwçylaryň we talyplaryň okuw partasyndan dessine harby gulluga äkidilýändigi barada ençeme gezek habar berdi.

"Uçurymlaryň gutardyş şahadatnamasyny almagyna we munuň bilen bagly geçirilýän dabara gatnaşmagyna hem rugsat berilmeýär. Ýurduň ýokary okuw jaýlarynda hem ýagdaý şeýle bolup, ÝOJ-laryň gutardyş synagyndan soň, ýaşlar öýlerine dolanman, göni gulluga gitmeli bolýarlar" diýip, çeşmämiz 13-nji iýunda gürrüň beripdi.

Ýerli harby bölümleriň birnäçe işgäri soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän bu tejribäniň sebäplerini ýurduň harby pudagynda esger ýetmezçiligi bilen düşündirýär.

Bu habarlaryň arasynda, ýurduň harby bölümleriniň türkmen ýaşlarynyň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmek baradaky arzalaryny kanagatlandyrmaýandygy barada maglumatlar hem gelip gowuşdy.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli we 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar.

Türkmenistanda 18-27 ýaş aralygyndaky raýatlar üçin harby gulluk hökmany bolup, şertnama boýunça gulluk ýa-da alternatiw gulluk ýokdur.

Türkmen häkimiýetleri ýokardaky ýagdaýlary, şeýle-de ýurduň ýaragly güýçlerinde esgerlere ýowuzlyk, açlyk, lukmançylyk kömeginiň bolmazlygy, uly esgerleriň we harby ýolbaşçylaryň ýaşlara zulumy ýaly problemalaryň bardygyny boýun almaýarlar.

Goşun gullugyndaky agyr şertler köpleri gullukdan gaçmaga we ýolbaşçylara para bermek üçin mümkinçilik gözlemäge mejbur edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Iň gowy mekdep kitaphanasy atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
01.09.2017 | Aşgabatda we sebitlerde täze mekdepler açyldy
Türkmenistanyň birinji synp okuwçylaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan netbuklar sowgat berildi
21.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: ylym-bilim ulgamy, saglygy goraýyş we sport: innowasiýalar ýolunda
Pudaklaýyn forumlar — 2018: ylym-bilim ulgamy, saglygy goraýyş we sport: innowasiýalar ýolunda
25.03.2019 | Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy