Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenildi

9-njy maýda Türkmenistanda uly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy dabaraly bellenildi. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

“Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan senedir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli hormatly uruş weteranlaryna we türkmen halkyna iberen Gutlagynda belledi.

Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan esgerleriň ýadygärliginiň töweregi has köp adamly boldy. Bu ýer harby şöhratyň hem-de umumy halk hatyrasynyň mukaddes ýeridir. Dünýäni faşizmden goran, mähriban Watanymyzyň azatlygy we Garaşsyzlygy, onuň bagtyýar geljegine bolan hukugy ugrunda göreşen nesilleriň wekilleri bolan ata-babalarymyzy hatyralamak üçin bu ýere ýüzlerçe adam geldi.

Bu ýere ýygnananlar dabara gatnaşmaga gelen Gahryman Arkadagymyzy mähirli garşylaýarlar.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryny, kümüş saçly enelerimizi, bu ýere ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş gününiň taryhy ähmiýetini nygtady. Soňra Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşýan diplomatlary mähirli mübärekläp, ajaýyp bahar gününde bellenilýän bu baýramyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatlary baýram bilen mähirli gutlap, Türkmenistanda geçirilýän ähli jemgyýetçilik we syýasy çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin sagbolsun aýtdy.

Dabaraly pursatlar gelip ýetýär — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül çemenleri goýulýar.

Soňra uruş weteranlary, diplomatlar hem-de dabaraly çärä gatnaşyjylaryň ählisi — frontçylaryň ogullary, agtyklary, çowluklary, milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň öňünde baş egmäge gelenleriň hemmesi gül desselerini goýdular.

***

Şu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Beýik Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde agyr synaglara mertlerçe döz gelen edermen ildeşlerimiz sarpalandy, XX asyryň ýowuz urşunyň frontlarynda söweşip, öz mukaddes borçlaryny berjaý edip, maşgala ojaklaryna dolanyp gelen weteranlary hem-de tylda zähmet çekenleri, uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabaralary geçirildi.

Konsert meýdançalarynda aýdym-sazlar, peşgeş berlen asuda durmuş üçin milli gahrymanlara hoşallyk sözleri ýaňlandy. Ýeňiş güni mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda guralan dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam goýan parahatçylyk dörediji ýurdumyza — Garaşsyz, Bitarap Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Türkmenistanda Internet çäklendirmeleriniň gerimi ýene-de 'giňäp başlady', näme üçin şeýle bolýar?
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Tebigat we ekologiýa
Akylly şäherler geljegiň şäheri
Ykdysady ösüşler abadançylygyň kepili