Türkmenistanda ýitirim bolan çagalar barada polisiýanyň habarlary IMO-da peýda boldy

Türkmenistanda ýitirim bolan çagalar barada polisiýanyň habarlary IMO-da peýda boldy

Ýitirim bolan çagalar meselesi türkmen jemgyýetinde has köp ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýurduň häkimiýetleri henizem bu meseläni resmi derejede boýun alman, ýurduň habar beriş serişdeleri bu meseläniň bardygyny beýan etmeýärkä sosial ulgamlar adaty ulanyjylar hem-de türkmen polisiýasy üçin maglumat ýaýratmak we ýitenleri gözläp-tapmak üçin işjeň platforma öwrülýär.

Türkmenistanda internete girmek kyn bolsa-da, sosial ulgamlar hatda polisiýanyň habarlary üçin hem platforma öwrülýär. Hususan-da, IMO-da jenaýatçylykda güman edilýänleriň gözlegi hakyndaky bildirişler, şeýle hem ýitirim bolan çagalar baradaky habarlar has köp göze ilýär. IMO messenjeri sosial ulgamlary petikleýän we VPN arkaly petikden geçmäge synanyşýan ulanyjylary yzarlaýan ýurtda ilat üçin elýeterli tas ýeke-täk gatnaşyk ulgamy bolýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, polisiýanyň bildirişleri üçin sosial ulgamlaryň ulanylmagy meseläniň barha agyrlaşmagy bilen baglanyşykly.

"Çagalar ýitirim bolýar, käbirleri gidýär we öýlerine gaýdyp barmaýar, käbirleri alnyp gaçylýar. Jenaýat köpelýär, ogurlyklar ýygy-ýygydan bolýar" - diýip, adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürleşen balkanly polisiýa işgäri aýtdy.

Azatlygyň habarçysy soňky iki aýyň içinde ýurduň dürli sebitlerinde ýitirim bolan çagalar barada 10-dan gowrak bildirişiň IMO-da çykandygyny belleýär.

Bildirişleriň birinde 13 ýaşly ýetginjegiň ýitirim bolandygy habar berilýär we onuň sypaty we geýimi barada jikme-jik maglumat berilýär. Başga birinde, 26 gün bäri tapylmadyk 10 ýaşly oglanjygyň gözlenýändigi aýdylýar. Käbir habarlarda çagalaryň mekdebe gidýändikleri we gaýdyp gelmeýändikleri habar berilýär. Çap bolýan bu bildirişlerde ýiten çagalary görenleriň polisiýa telefon edip, habarlaşmagy soralýar.

Azatlygyň habarçysy bilen adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen polisiýa işgärleri, ýitirim bolan çagalary we jenaýat etmekde güman edilýän raýatlary gözlemek baradaky bildirişleriň Balkan welaýatynyň müdirliginiň we etrap bölümleriniň polisiýa işgärleri tarapyndan paýlanýandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň we etrap polisiýa bölümleriniň wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Mundan öň ýitirim bolan çagalar baradaky bildirişleri köçelerde, polisiýa merkezleriniň golaýynda we jemgyýetçilik ulaglarynda görmek bolýardy.

Azatlygyň habarçylary geçmişde ýurtda çagalaryň ýitirim bolmagyna degişli wakalaryň, şol sanda pajygaly jenaýatçylyklaryň birnäçesi barada habar beripdi. Bu aralykda, ýurtda jenaýatyň derejesini görkezýän resmi statistika çap edilmeýär, şol sanda çagalaryň ýitirim bolmagyna degişli ýagdaý agzalmaýar.

Dünýä tejribesinde çagalaryň ýitmeginiň öňüni almak üçin kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň ene-atalaryna çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerur çäreleri barada habar berilýär. Bu meselede meýletin çäreleriň we meýletinçileriň işiniň ähmiýeti ösdürilýär.

Her ýyl dünýäde ýüzlerçe müň çaga ýitýär, ýöredilýän statistika ene-atalaryň ýitirim bolan çagalar baradaky ýüzlenmelerine esaslanýar, käbir çagalar tapylýar, emma käbirleri tapyp bolmaýar.

Ýewropada ýitirim bolan çagalar boýunça iş alyp barýan "Missing children Europe" guramasynyň habaryna görä, bu regionda her ýyl 250 000 çaga ýitirim bolýar - bu her iki minutda bir çaganyň ýitýändigini aňladýar.

Diňe 2022-nji ýylda Ýewropada ýitirim bolan çagalar boýunça işleýän 116 000 telefon liniýasyna 6 668 sany hadysa degişli 70 855 ýüzlenme edilipdir.Bu wakalaryň köpüsi gaçgak çagalar bilen baglanyşykly bolup, 66% -ini täze hadysalar emele getiripdir.

Mundan başga-da, ýagdaýlaryň 24% -i ene-atalaryň alyp gaçmagyna, we ýene bir bölegini ýagny 3% -ni migrasiýa döwründe dereksiz ýiten çagalara degişli bolupdyr.

25-nji maýda dünýäde ýitirim bolan çagalaryň halkara güni bellenýär. 40 ýyl ozal döredilen bu senäniň maksady meseläni köpçülige ýatladyp durmakdan ybarat.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy
Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär
Aşgabatda VPN gurup berýän ussalar tussag edilýär
Türkmenbaşyda onlarça adam Internetiň tizliginiň pesligine we bahasynyň ýokarylygyna protest bildirdi
Duşenbe Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlanýar
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda bäş resminama gol çekiler