Türkmenistanda zenan suratkeşleriň arasynda yglan edilen Zenan kalbynyň joşguny atly sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenildi

Türkmenistanda zenan suratkeşleriň arasynda yglan edilen Zenan kalbynyň joşguny atly sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenildi

2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen Zenan kalbynyň joşguny atly sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

Türkmenportal.com web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan bäsleşige dürli ýaşdaky zenan suratkeşler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen Türkmenistanyň gülläp ösüşlerini, tebigat gözelliklerini wasp etmegi hem-de milli mirasymyzy, döwletlilik ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleri döretmegi, suratkeş zenanlaryň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmagy maksat edinen sergi-bäsleşikde emin agzalary hödürlenen eserleriň gowudan-gowusyny saýladylar.

Olaryň biragyzdan gelen netijesine görä, birinji orna erkin dörediji Tuwak Sähedowa, ikinji orna Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Akjagül Mämiýewa, erkin dörediji Raziýa Çeşmeliýewa, üçünji orna Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Şeker Nökergeldiýewa we Güljemal Myradowa mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşuryldy.

Sylaglanyş dabarasynda çeper döredijilige belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Aşgabatda Zenan kalbynyň joşguny atly sergi-bäsleşiginiň jemi jemlenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda